Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladasy bilen 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip, yglan edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň medeni ulgamy täze-täze wakalar bilen gurşaldy. Jemgyýetiň hereketlendiriji güýji hökmünde medeniýet häzirki günlerimizde gün-günden täze rowaçlyklara eýe bolýar. 2016-njy ýylda gözel diýarymyzyň taryhy mesgeni bolan Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýlip, yglan edilmegi geçmiş mirasymyza, milli medeni we taryhy gymmatlyklarymyza diýseň uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrdy.
Özüniň taryhy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy ýadygärlikler, medeni desgalar, ylym-bilim ojaklary diýarymyzyň demirgazyk merkeziniň dünýä taryhynda mynasyp orna eýedigine şaýatlyk edýär. Welaýatyň Köneürgenç, Görogly, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje adyndaky etraplaryndaky we beýleki ýerlerindäki ýadygärlikler toplumlary özüniň taryhy gymmatlyklary bilen ähmiýetini asyrlardan-asyrlara ýetirip gelýär. Welaýatyň çägindäki ýadygärlikler toplumynyň haýsy birini alsaň-da onda ata-babalarymyzyň şan-şöhrata beslenen yzlaryny görmek bolýar. Şonuň üçin, geliň, muňa welaýatyň çäginde ýerleşýän bir taryhy ýadygärligiň mysalynda nazar salalyň.
Ol – gadymy Köneürgenjiň çäginde ýerleşýän Gökleň medrese ady bilen belli bolan taryhy ýadygärlikdir. Gökleň medresesi gadymy döwürlerde Köne Was, Yzmykşir, Şamaha, Diýarbekir gala, Şirwangala, Çardarygala, Gyzyljagala ýaly birnäçe taryhy ýerler bilen deň derejede meşhur bolupdyr. Ekiniň-dikiniň hemdemi bolup, akyp ýatan Hanýabyň ileri ýüzünde ýerleşýän medresäniň täsin taryhy bar. Ol Gyzyljagalanyň golaýynda gurlupdyr. Gökleň medresesiniň gurluşy hakynda halk arasynda şeýle gürrüň dilden-dile geçip, biziň bagtyýar günlerimize gelip ýetipdir.
Irki döwürlerde keseki ýurduň hany bu sebitlere ýygy-ýygydan aralaşyp durupdyr. Taryhy maglumatlara görä, şeýle waka 1837-nji ýylda bolupdyr. Hana ýesir düşenler Hanýaba golaý aralykdaky Gyzyljagalada birnäçe ýyllap mesgen tutupdyrlar. Olaryň arasynda daýhan-da, çopan-da, şirin söze ganat baglap bilýänler-de bolupdyr.
Şeýle adamlaryň biri-de şahyr Gurbandurdy Zelili eken. Zelili halkyň şeýle agyr ýagdaýyna ýüregi bilen gynanypdyr. Ýesir düşenler şahyryň Watan, il-ýurt, ene toprak hakdaky şygyrlaryny diňläp, gamly göwünlerine aram berer ekenler. Şahyr “Salam, Seýdi”, “Nyşan Seýdi”, “Jandan doýan ýaly boldum”, “Watanym seni” ýaly goşgularynda önüp-ösen ýerleriniň gözelligini, köňüllere berýän mähir ýylysyny şahyrana setirlerde beýan edipdir.
Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belentden pestine akan bulaglar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär, Watanym seni!
Şeýle günleriň birinde Zelili köňlüniň töründe ylym-bilime ýol açmak, nesilleriň giň gözýetimli bolmagy üçin bu ýerlerde medrese gurmak hakyndaky pikirini ýanyndaky ýaşululara duýdurypdyr. Şahyr paýhaslylyk bilen: “Eger, bir gün nesibämiz göterilip, öz ilimize gowuşsak, medrese bizden ýadygär galar” diýipdir. Ýaşulular ol ýerlerde näçe gün bolsalar-da, çagalaryň bilimli bolmagy üçin Zeliliniň aýdýan bu teklibini biragyzdan goldapdyrlar. Şeýlelikde, uly il bir güýje jemlenip, medresäniň gurluşygyna başlapdyrlar. Gadymy ýurduň ýaramly topragyny eýläp, kerpiç we gurluşyga degişli beýleki önümleri häzir edipdirler.
Birnäçe aýdan soň, medrese taýyn bolup, ol ýerde çagalara bilim öwredilip başlanypdyr. Bu iş Zeliliniň hem paýyna düşüp, ol çagalaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin aladalanypdyr, olary okadyp, bilimdir terbiýe beripdir.
Ine, bir günem olar nesibeleri göterilip, öz iline gaýdypdyrlar. Gyzyljagalada gurlan medrese bolsa, uzaklarda howalanyp galyberipdir. Her niçik-de bolsa, halk bir edilen ýagşy işi hiç mahal ýadyndan çykarmaýar. “Ýagşy iş – asyrlara şaýat” diýlişi ýaly, uly il bolup gurlan ymarat Gökleň medresesi ady bilen halkyň hakydasyna berk ornaşypdyr. Soň-soňlaram ol medresede okuw okatmak işi dowam edipdir. Paýhasly, sabyrly türkmenleriň bu asylly işi asyrlardan galan ýadygärlik hökmünde ýerli ilatyň ýadyndan çykmandyr.
Halkymyzyň köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny bir ýere jemlemekde, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ata-babalarymyzyň belent ruhunda terbiýelenmeginde, olaryň kalbynda şöhratly geçmişimize bolan söýgüniň, hormatyň kemala gelmeginde häzirki döwürde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle işleriň hatarynda eziz Arkadagymyzyň hemaýat-goldawy bilen welaýatlarymyzda bina edilýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerini guwanç bilen ýatlamak bolar. Gahryman Arkadagymyzyň muzeý işlerini ýaýbaňlandyrmak we geçmiş medeniýetimize sarpa goýmak ýörelgelerinden gözbaş alýan bu işleriň netijesinde, gadymy Daşoguz topragynda hem Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi döredildi. Indi birnäçe ýyllardan bäri halka hyzmat edip gelýän muzeýde welaýatyň çägindäki ýadygärlikler, milli gymmatlyklaryň nusgalary, geçmiş medeniýetimize degişli gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Şeýle gymmatlyklaryň içinde Gökleň medresesi bilen baglanyşykly taryhy maglumatlar hem bar. Muzeýe gelýänler ol maglumatlar bilen tanşyp, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň alyp baran asylly işleri bilen tanyşýarlar.
Bu işleriň hemmesi milli mirasymyza çäksiz gadyr goýmak babatda eziz Arkadagymyz tarapyndan ýöredilýän syýasatyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar.
Gyzylgül GUWANJOWA,
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz
etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň
mugallymy.