Erik – iň “şa­dy­ýan” to­mus mi­we­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu şat­lyk onuň Gü­ne meň­zeş­li­gin­de, dat­ly ta­ga­myn­da, şy­pa­ly­ly­gyn­da jem­len­ýär. Bu mi­we ga­dym za­man­lar­dan bä­ri Azi­ýa ýurt­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Eri­giň beý­le­ki mi­we­ler­de bol­ma­dyk peý­da­ly ta­rap­la­ry köp. Eri­giň dü­zü­min­de 10 gö­te­rim şe­ker, şeý­le hem li­mon, al­ma, sa­li­sil kis­lo­ta­sy bar. Bu­lar­dan baş­ga-da, onuň dü­zü­min­de P, B1, PP, С wi­ta­min­le­ri, ka­ro­tin (kä­şir­de, ýu­murt­ga­nyň sa­ry­syn­da, süýt­de bol­ýan mä­mi­şi-sa­ry pig­ment) köp­dür. Üs­te­si­ne-de, eri­giň dü­zü­min­dä­ki 16 mg ka­ro­tin başga hiç bir mi­we­de ýok­dur. Erik ka­liý mad­da­sy­na baýdygy üçin ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri bi­len ke­sel­län­le­re peý­da­ly­dyr. Ol ka­li­den baş­ga-da, fos­fo­ra we mag­nä baý­dyr. Bu mi­ne­ral mad­da­lar beý­ni­niň da­mar­la­ry­na tä­sir edip, onuň iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ýar.
Eri­giň dü­zü­min­dä­ki şi­re bol­sa, be­den­den tok­si­ni (mik­ro­or­ga­nizm­ler­den dö­re­ýän zy­ýan­ly mad­da­lar) we ho­les­te­ri­ni çy­kar­ma­ga kö­mek ed­ýär. Aş­gar­laý­jy mad­da­lar bol­sa, ber­ki­di­ji­lik taý­dan tä­sir ed­ýär. Ça­ga­la­ra, uly ýaş­ly­la­ra erik iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Çün­ki, erik nerw ul­ga­my­ny kuw­wat­lan­dyr­ýar we ýa­daw­ly­gy­ňy aýyr­ýar. Yzy­gi­der­li erik iý­mek de­ri­niň ýa­şar­ma­gy­na we gö­re­jiň ýi­ti­leş­me­gi­ne ge­tir­ýär. Eri­kden we onuň kiş­de­sin­den şi­re taý­ýar­lan­ýar. Ka­ka­dy­lan erik, esa­san hem, gyş we ba­har aý­la­ryn­da has köp iýil­ýär.