Fran­si­ýa­ly meş­hur akt­ri­sa Lea Seý­du “Par­ty of Fools” at­ly tä­ze film­de baş keş­bi jan­lan­dy­rar. Soň­ky “Jeýms Bond” film­le­ri­niň ýyl­dy­zy Seýdu täze kinoda Fan­ni at­ly nä­sag ze­na­nyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Ady ag­za­lan bu fil­me Ar­nau de Pal­lie re­žiss­ýor­lyk eder. 1893-nji ýyl­da Pa­riž şü­we­le­ňin­de bo­lup ge­çen wa­ka­lar dog­ru­syn­da söh­bet aç­ýan ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni Kris­tell Bert­he­was bi­len re­žiss­ýo­ryň özi bi­le­lik­de ýa­zar. Fil­miň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri­ne şu ýy­lyň ahy­ryn­da ba­dal­ga ber­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, owa­dan akt­ri­sa Lea Seý­du­nyň baş keşp­de su­ra­ta dü­şen “No Ti­me to Die”, “The French Dis­patch” hem-de “The Sto­ry of My Wi­fe” ki­no­la­ry-da öňü­miz­dä­ki aý­lar­da ek­ran­lar­da peý­da bo­lar.