Dünýä belli norwegiýaly suratkeş Edward Munkuň “Gykylyk” atly meşhur eseri auksionda satyldy. Kartinany russiýaly işewür, “Çelsi” futbol toparynyň eýesi, milliarder Roman Abramowiç satyn aldy. Onuň bu meşhur kartina üçin 120 million dollar töländigi habar berildi. Auksiony guraýjylar kartinanyň ilkinji bahasynyň 50 million dollardygyny belläp geçdiler. Asyl ady “Skrik” bolan kartina 1893-nji ýylda çekilýär. Suratkeşiň iň meşhur eseri hasaplanýan bu kartina iň gymmat kartinalaryň hatarynda görkezilýär.