Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my be­lent ösüş­le­re eýe bol­ýar. Me­de­ni­ýe­ti­mi­zi hal­ky­my­zyň kal­by­na de­ňe­ýän hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek ba­ra­da düýp­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­myz­da her ýyl Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, döw­let de­re­je­sin­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mä­ge, mi­ra­sy­my­zy gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge, giň­den wa­gyz et­mä­ge hem-de ýaş­la­ra äh­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ga­dy­my Da­şo­guz top­ra­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň açy­ly­şy 22-nji iýun­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ru­hy­ýet köş­gü­niň öňün­dä­ki Gö­rog­ly meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­di.

Dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň çäk­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len mil­li äheň­dä­ki aý­dym-saz­lar, halk dö­re­di­ji­li­gi­niň naý­ba­şy eser­le­ri bu ýe­re ýyg­na­nan­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­dan söh­bet aç­ýan, mil­li se­net­çi­li­gi, dok­ma­çy­ly­gy, sun­ga­tyň we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň beý­le­ki ugur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýän ser­gi­niň gu­ral­ma­gy baý­ram­çy­lyk çä­re­si­niň ma­ny-maz­mu­ny­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.
Eziz Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­le­nip, gu­wan­dy­ry­jy ösüş­le­riň dün­ýä dol­ýan döw­rün­de, ýur­du­myz dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň gaý­nap joş­ýan me­ka­ny­na öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne uly ba­dal­ga be­ril­di. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň çäk­siz ala­da­sy bi­len mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly ama­la aşyryl­ýan bi­möç­ber iş­le­r me­de­ni­ýet hem-de sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň yl­ham çeş­me­si­ni joş­dur­ýar.
Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, her ýyl ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­giniň çäklerinde me­de­ni­ýe­t­de, sun­ga­t­da, ede­bi­ýa­t­da, dö­re­di­ji­li­giň äh­li ugur­la­ryn­da naý­ba­şy eser­le­riň dö­re­me­gi mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar. Bir hep­deläp do­wam ed­ýän bu me­de­ni çä­rä ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat işgärleriniň us­sat­lyk­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi – ýur­du­my­zyň bag­şy-sa­zan­da­la­ry­nyň, ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň, ar­tist­le­ri­niň, ki­tap­ha­na, mu­zeý, ki­no, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we ne­şir­ýat ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň, aý­dym-saz, folk­lor, tans to­par­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, hü­när us­sat­ly­gy­ny açyp gör­kez­ýän, me­de­ni­ýet ba­bat­da ýe­ti­len sep­git­le­ri dün­ýä ýaý­ýan sun­gat baý­ra­my­dyr.
Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň do­wam ed­ýän döw­rün­de Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly-dra­ma te­at­ry­nyň «Go­ly saz­ly, ti­li söz­li Gö­rog­ly» di­ýen sah­na oý­nu­nyň il­kin­ji gör­ke­zi­li­şi bol­dy. Sah­na oý­nu­nyň wa­ka­la­ry­nyň maz­mu­ny «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» diý­lip yg­lan edi­len 2020-nji ýy­lyň şy­ga­ry­na ky­bap gel­ýär. Şon­da sah­na sun­ga­ty ar­ka­ly türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan ýö­rel­ge­ler – açyk­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, dos­ta­na­lyk, onuň mi­ze­mez ah­lak gym­mat­lyk­la­ry şöh­le­len­di­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da dur­ýar.
Her ýy­lyň 27-nji iýu­nynyň «Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­ni» di­ýlip yg­lan edil­me­gi me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­ni has-da buý­san­dyr­ýar. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döwri akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň döredijiliginiň pa­jar­lap ös­ýän zamanyna öw­rül­di.
Narbaý ÖZBEKOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.