Hormatly okyjylar! Şu kitapçada “Zaman-Türkmenistan” gazetinde dürli ýyllarda çykan krosswordlar jemlenen. Dünýäde iň meşhur güýmenjeleriň biri hasaplanýan krossword döwürleýin neşirlerde ilkinji çykan günlerinden bäri hiç haçan ähmiýetini ýitirmedi. Uzak wagtyň dowamynda dürli ýaşdaky okyjylara niýetlenen krosswordlaryň birnäçe görnüşi peýda boldy. Tapmaçanyň bu görnüşi XVIII asyrda ilki çagalar üçin döredilipdir. Ilkinji krossword kitaplary hem şol ýyllarda peýda bolupdyr. 1913-nji ýylyň dekabrynda “New York World” gazetinde has kyn krosswordyň çap edilmegi bilen ol dünýä derejesinde meşhurlyk gazanyp başlaýar. Gazetiň redaksiýasy asyl käri geolog bolsa-da saz çalmaga hem ukyby bolan Artur Winn atly işgärine hepdäniň ahyrynda çykýan güýmenje goşundysyny taýýarlamagy ynanýar. Şeýlelikde, “Fun” atly neşirde “word-cross puzzle” (word: söz, cross: kesişmek) ilkinji krossword okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Winn krosswordy irki döwürlerde “jadyly gönüburçluk” ady bilen oýnalýan oýna meňzedip düzüpdir. Gadymy oýunda söz toparlary berlip, olary dikligine we keseligine ýerleşdirmeli eken. Krosswordda bolsa, düşündirişi berlen sözi özüň tapmaly. Şeýlelikde, häzirki krosswordlaryň ilkinji nusgalary peýda bolýar. Krossword çözmegiň aňyň ösmegine, ýatkeşligiň güýçlenmegine, söz baýlygynyň giňemegine peýdasy bar. Her kimiň öz ýaş aýratynlygyna görä krosswordlar bar. Krossword çözülende, ýanyňda oturan kimdir birinden kömek hem soralýar. Bu bolsa, maşgala agzalarynyň ýa-da deň-duşlaryň arasyndaky gatnaşygy berkidýär. Krossword we beýleki aň-bilim talap edýän tapmaçalar siziň pikirlenmek, netije çykarmak, wakalaryň arasyndaky baglanyşygy tapmak ýaly ukyplaryňyzy ösdürer.