Re­žiss­ýor Jeýms Gre­ýiň tä­ze fil­min­de Gol­li­wu­dyň meş­hur ýyl­dyz­la­ry jem­le­ner. Onuň «Ar­ma­ged­don» at­ly fil­min­de os­kar­ly akt­ri­sa Keýt Blan­şet, os­kar­ly akt­ýor Ro­bert De Ni­ro şeý­le-de Os­kar Aý­za­ak, Do­nald Sa­ter­land hem-de os­kar­ly akt­ri­sa Enn He­te­weý da­gy su­ra­ta dü­şer­ler. «Iki söý­gü­li» (Two Lovers), «Bos­gun» (The Im­mig­rant), «Ýi­ti­rim bo­lan Z şä­he­ri» (The Lost City of Z), «Ýyl­dyz­la­ra ta­rap» (Ad Ast­ra) ýa­ly ki­no­lar bi­len ady­gan re­žiss­ýo­ryň tä­ze fil­min­dä­ki wa­ka­lar 1980-nji ýyl­lar­da Nýu Ýork­da bo­lup geç­ýär. Sy­ýa­sy, ta­ry­hy hem-de söý­gi wa­ka­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän film bel­li bir de­re­je­de re­žiss­ýo­ryň öz dur­mu­şy bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri­ne güýz aý­la­ryn­da baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Ferrari barada täze kino
Us­sat re­žiss­ýor Maýk Mann köp wagt­dan bä­ri üs­tün­de iş­le­ýän tas­la­ma­sy bo­lan «Fer­ra­ri» fil­mi­ni su­ra­ta dü­şür­mä­ge gi­riş­di. Ol «Fer­ra­ri» aw­tou­la­gy­ny dö­re­den En­zo Fer­ra­ri­niň dur­mu­şy ba­ra­da­ky bu film­inde baş keş­bi Hýu Jek­ma­nyň jan­lan­dyr­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri­ne 2021-nji ýy­lyň ýa­zyn­da baş­la­nar. Brok Ýeý­te­siň «En­zo Fer­ra­ri: yn­san, ulag­lar, bäs­le­şik­ler» (En­zo Fer­ra­ri: The Man, The Cars, The Races) at­ly ki­ta­by­nyň ede­bi esa­sy bo­ýun­ça ek­ran­laş­dy­ryl­jak ki­no­da Fer­ra­ri­niň maş­gala we şah­sy dur­mu­şy, «Fer­ra­ri» ula­gy­ny döredişi ba­ra­da gür­rüň ber­ler.

Bilelikdäki 6-njy filmi
Is­pa­ni­ýa­ly meş­hur re­žiss­ýor Ped­ro Al­mo­do­war «Mad­res pa­ra­le­las» at­ly tä­ze filmi su­ra­ta dü­şür­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bu film­de baş keş­bi os­kar­ly, meş­hur is­pa­n­ akt­ri­sasy Pe­ne­lo­pe Kruz jan­lan­dy­rar. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri­ne okt­ýabr aýyn­da baş­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Film­de nätanyş iki ze­na­nyň ga­bat­laş­ýan baş­dan ge­çi­rmeleri dog­ru­syn­da söh­bet açyl­ýar. Al­mo­do­war bi­len Kruz ozal 5 film­de bi­le iş­le­şip­di.
Baş keş­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rer
Ang­li­ýa­ly akt­ri­sa Li­li Jeýms ta­ny­mal re­žiss­ýor Pab­lo Tra­pe­ro­nyň tril­ler gör­nüş­dä­ki «The Pa­ris Trap» atly fil­min­de baş keş­bi ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri­ne öňü­miz­dä­ki ýyl ba­dal­ga ber­ler. Film ame­ri­ka­ly bir ze­na­nyň Pa­riž­de baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry dog­ru­syn­da bo­lup, ek­ran ese­ri­niň sse­na­ri­si­ni Da­ni­el Tap­lits bi­len Maýkl Les­li bi­le­lik­de ýa­zar. Ar­gen­ti­na­ly re­žiss­ýor Pab­lo Tra­pe­ro «El Clan» fil­mi bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp­dy. Akt­ri­sa Li­li Jeýms bol­sa, «Zo­luş­ka», «Mam­ma Mia – 2», «Gö­ge­le sü­rü­ji» ýa­ly film­ler­dä­ki keşp­le­ri bi­len ta­nal­ýar.