Bil­ýär­mi­si­ňiz?
Du­ran ýe­riň­de be­ýik­li­ge bök­mek­dä­ki re­kord
2016-njy ýyl­da ha­sa­ba alyn­dy. Ka­na­da­ly Ewan Un­gar 1 metr 61 santimetr be­ýik­li­ge bö­küp, Gin­ne­siň Re­kord­lar Ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy.
2006-njy ýyl­da Plu­to­nyň pla­ne­ta derejesi aý­ryl­dy. Hal­ka­ra Ast­ro­no­mi­ýa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­la­ry örän ki­çi we Gü­nüň da­şyn­dan uzak wagt­da aý­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li bu as­man ji­si­mi­niň pla­ne­ta bo­lup bil­me­jek­di­gi barada ka­ra­ra gel­di­ler.
Ýer – ýa­şa­ýyş bo­lan ýe­ke-täk pla­ne­ta. Mun­da Ýer­dä­ki dar­tyş güý­jü­niň hem tä­si­ri bar. Dar­tyş güý­jü­niň kuw­wa­ty äh­li jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ka­da­ly­dyr. Beý­le­ki is­len­dik pla­ne­ta­da ýa­şa­mak üçin şert­ler dö­re­di­len­de-de dar­tyş güý­jü­niň ta­pa­wut­ly bol­ma­gy ada­myň sag­ly­gy­na oňaý­syz tä­sir eder. Eý­sem, dar­tyş güý­ji ji­sim­le­riň ag­ra­my­na nä­hi­li tä­sir ed­ýär­kä?! Ýe­re iň ýa­kyn uly as­man ji­si­mi bo­lan Aýyň dar­tyş güý­ji Ýe­riň­ki­den ep-es­li az. Ýer­de 120 kg bo­lan zat Aý­da ba­ry-ýo­gy 20 kg bol­ýar. Ta­pa­wut 6 es­se. Her pla­ne­ta­nyň dar­tyş güý­ji, onuň ulu­ly­gy­na bag­ly bol­ýar. Has uly ple­na­ta­la­ryň dar­tyş güý­ji ýo­ka­ry bol­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, pla­ne­ta­my­zyň dür­li ýer­le­rin­de hem dar­tyş güý­ji az­da-kän­de üýt­ge­ýär. Pol­ýus­dan ek­wa­to­ra ta­rap gi­dil­di­gi­çe dar­tyş güý­ji pe­sel­ýär. Is­len­dik za­dyň ag­ra­my de­mir­ga­zyk we gü­nor­ta pol­ýus­lar­da agyr, ek­wa­tor­da az­da-kän­de ýe­ňil bol­ýar.
Nir­ede, nä­çe ki­log­ram?
Adat­ça, 45 ki­log­ram bo­lan bi­ri Mer­ku­riý we Mars pla­ne­ta­la­ryn­da 17, We­ne­ra­da, Uran­da 40, Sa­turn­da 47, Ýu­pi­ter­de 114 ki­log­ram tö­we­re­gi bol­ýar. 75 ki­log­ram­lyk adam Mer­ku­riý we Mars pla­ne­ta­la­ryn­da 28, Plu­ton­da 5 ki­log­ram bol­ýar.