FUTBOL. 120 ýyllyk taryhy bolan häzirki zaman tomusky Olimpiýa oýunlarynda futbol ýaryşlary 1900-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýöne şu wagta çenli Olimpiýa oýunlarynda futbolda iň ökde ýurt diýlip görkezilýän Braziliýa altyn medala mynasyp bolmandy. Şol nukdaýnazardan Riodaky Olimpiadanyň futbol ýaryşynyň braziller üçin diýseň uly ähmiýeti bardy. Ine, ahyrynda-da, Dünýäniň 5 gezek çempionyna Rioda altyn medal gazanmak başartdy. Super ýyldyzy Neýmaryň ýolbaşçylygyndaky topar finalda Germaniýanyň Olimpiýa ýygyndysy bilen duşuşdy. “Marakanadaky” finalyň esasy wagty 1–1 hasabynda deňlikde gutardy. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemedi. Penaltilerden soň, 5–4 hasabynda öňe saýlanan braziller taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa çempiony bolmagy başardy. Londonda kümüş medal alan Braziliýanyň Olimpiýa topary 1984-nji we 1988-nji ýyllarda-da finalda Fransiýadyr SSSR-den asgyn gelipdi. Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda Nigeriýa Gondurasy 3–2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 6 gol geçiren germaniýaly futbolçylar – Serge Gnabri bilen Nils Petersen iň netijeli oýunçylar boldy.
Zenanlaryň arasynda futbol ýaryşy 6-njy gezek geçirilip, onda Germaniýanyň ýygyndysy altyn medalyň eýesi boldy. Olar finalda şwesiýaly gyzlardan 2–1 hasabynda üstün çykdy. 3 gezek bürünç medal alan Germaniýa ilkinji ýola çempion boldy. Şeýle-de Rio Olimpiadasynda bürünç medaly Braziliýany 2–1 hasabynda ýeňen kanadaly zenanlar eýeledi.
ÝEŇIL ATLETIKA. Olimpiýa oýunlarynyň esasyny düzýän ýeňil atletika ýaryşlarynda 3 sany dünýä, 5 sany-da Olimpiýa rekordy goýuldy. Doping sebäpli gatnaşdyrylmadyk rus ýeňil atletikaçylaryň ýoklugy az-owlak duýulsa-da, bäsleşikler diýseň çekeleşikli geçdi. Jemi 47 altyn medal gowşurylyp, ony 43 ýurt özara paýlaşdy. 47 altyn medalyň 13-sini ABŞ-ly ýeňil atletikaçylar aldy. Şolaryň biri-de Mattýuw Sentrowits bolup, ol 1500 metr aralyga ylgamakda altyn medala mynasyp boldy. Amerikanlar ýeňil atletikanyň bu görnüşinde 108 ýyldan soň, ilkinji altyn medalyny gazandy. ABŞ-ly türgenler 10 kümüş, 9 sany-da bürünç medala eýelik etdi. Ýeňil atletikada 6 altyn medal alan 2 ýurtdan Ýamaýka 2-nji, Keniýa 3-nji orny eýeledi. Ýamaýkaly sprinter Usain Bolt bassyr 3-nji Olimpiadasynda-da 3 altyn alyp, taryhy başarnyk görkezdi. 5 ýurt 2 altyndan alyp, şolaryň biri-de Beýik Britaniýadyr. Olaryň 2 altynyny-da Mo Farah gazanyp, asly Somaliden bolan türgen Londondan soň, Rioda-da 5000 we 10000 metr ylgawlarynda ýeňiş gazandy. Britanlar we kanadalylar 4, efiopiýaly ýeňil atletikaçylar-da 5 bürünç medala eýelik etdi. Altyn medal alyp bilmedik fransuzlar kümüşdir bürünç medallaryň hersinden 3-sini gazandy.
BASKETBOL. Sportuň bu görnüşinde hem erkeklerde, hemem zenanlarda amerikaly basketbolçylar ýene bir ýola öňe saýlandy. NBA-nyň ýyldyzlaryndan düzülen ABŞ-nyň erkekler ýygyndysy finalda Serbiýany 96–66 hasabynda utup, bassyr 3-nji, umumylykda 15-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Serbiýa öňki Ýugoslawiýany hasaba alanyňda, 5-nji ýola kümüş medal aldy. Çekeleşikli geçen 3-nji ýer ugrundaky duşuşykda Ispaniýa Awstraliýany utup (89–88), bassyr 2 kümüş medaldan soň (Pekin we London), Rioda bürünç medal bilen oňňut etmeli boldy. Olar ilkinji gezek bürünç medal gazanýar. Zenanlaryň arasynda ABŞ-ly basketbolçylar finalda ispanlary 101–72 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bassyr 6-njy, umumylykda 8-nji gezek altyn medala eýelik etdiler. ABŞ-ly basketbolçy gyzlar diňe 3 gezek altyn alyp bilmedi. Şeýlde Serbiýa Fransiýany 70–63 hasabynda ýeňip, bürünç medalyň eýesi boldy.
GANDBOL. Erkekleriň arasynda Daniýa ilkinji çempionlygyny gazandy. Olar finalda soňky 2 altyn medalyň eýesi Fransiýany 28–26 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bürünç medaly Polşany 31–25 hasabynda utan Germaniýa aldy. Zenanlaryň arasynda altyn medaly 36 ýyldan soň, Russiýanyň ýygyndysy gazandy. Finalda Fransiýany 22–19 hasabynda utan ruslar 1976-njy we 1980-nji ýyllarda-da çempion bolupdy. Pekin we London Olimpiadalarynyň ýeňijisi Norwegiýa bu sapar bürünç medal bilen kanagatlanmaly boldy.
OT HOKKEÝI. 1908-nji ýyldan bäri Olimpiadanyň hatarynda bolan ot hokkeýinde erkeklerden Argentina ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu garaşylmadyk waka boldy. Olar finalda Belgiýany 4–2 hasabynda utdy. Belgiýa ilkinji gezek kümüş medala mynasyp boldy. Mundan öňki 2 Olimpiadanyň çempiony Germaniýa bürünç medal ugrundaky duşuşykda Gollandiýany penaltilerden soň, ýeňmegi başardy (1–1, 4–3 p). Zenanlaryň arasynda çempion täzelenip, finalda soňky 2 Olimpiadanyň ýeňijisi Gollandiýany penaltilerden soň utan Beýik Britaniýa ilkinji sapar altyn medal gazandy. Täze Zelandiýadan 2–1 hasabynda üstün çykan Germaniýa bürünç medala mynasyp boldy.
WOLEÝBOL. Erkekleriň arasynda ýer eýesi braziller finalda Italiýany 3–0 hasabynda utup, 3-nji ýola altyn medala mynasyp boldy. Soňky sapar Londonda, jemi 3 gezek bürünç medal alan italýanlar kümüş medalynyň sanyny-da 3-e ýetirdi. Pekin Olimpiadasynyň çempiony ABŞ London Olimpiadasynyň çempiony Russiýany 3–2 hasabynda ýeňip, 2-nji gezek bürünç medal gazandy. Zenan woleýbol ýygyndylarynyň arasynda Hytaý öňe saýlandy. 1984-nji we 2004-nji ýyllaryň çempiony hytaýlylar finalda ilkinji gezek altyn medala dalaş eden Serbiýany 3–1 hasabynda ýeňdi. Bu ugurda entek altyn medal alyp bilmedik, soňky 2 Olimpiadanyň finalçysy ABŞ-ly gyzlar bürünç medal ugrundaky duşuşykda Gollandiýany 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
WATERPOL. 1900-nji ýyldan bäri Olimpiadanyň maksatnamasynda bolan waterpol ýaryşlarynda erkekleriň arasynda Serbiýa finalda Horwatiýany utup (11–7), 4-nji gezek altyn medala mynasyp boldy (3-si öňki Ýugoslawiýa döwründe gazanyldy). London Olimpiadasynyň çempiony horwatlar 2-nji sapar kümüş medala eýelik etdi. 3 altyn medaly bolan italýanlar Garadagy 12–10 hasabynda ýeňip, 3-nji bürünç medalyny gazandy. Garadag 3 Olimpiadadan bäri 4-nji ýeri eýeleýär. 2000-nji ýyldan bäri zenanlaryň arasynda-da geçirilip gelinýän waterpol bäsleşiginde ABŞ-nyň ýygyndysy bassyr 2-nji sapar altyn medala mynasyp boldy. Olar finalda 2004-iň çempiony Italiýany 12–5 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Baýrakly 3-nji ýer ugrunda Russiýa penaltilerden soň, Wengriýadan üstün çykyp, 2-nji gezek bürünç medal gazandy (12–12, 7–6 p). Wengriýa-da edil Garadag ýaly, yzly-yzyna 3-nji gezek Olimpiadany 4-nji orunda tamamlady.
BADMINTON. Sportuň bu görnüşinde hytaýly türgenleriň öňdebaryjydygy hemmä mälim bolsa gerek. Ýöne Rioda bu ugurda berlen 5 altyn medaly 4 ýurt paýlaşdy. Hytaýlylar 2 altyn alan bolsa, Ispaniýadyr Ýaponiýa sportuň bu görnüşinde ilkinji altyn medalyny gazandy. Beýleki altyn medaly-da indoneziýaly türgen aldy. Zenanlarda (ýekelikde, jübütlerde) hytaýlylar ýeke medal hem alyp bilmän, hemmäni geň galdyrdy.
TAEKWONDO. Söweş sungatlarynyň bir ugry bolan taekwondoda jemi 8 altyn medal gowşurylyp, Günorta Koreýanyň we Hytaýyň türgenleri 2 altyn medal gazandy. Galan 4-sini B. Britaniýanyň, Azerbaýjandyr Kot-d’Iwuaryň hem-de Iordaniýanyň taekwondoçylary özara paýlaşdy. Bu ugurda jemi 20 ýurt medal aldy. Iordaniýa (umumylykda ilkinji medaly) bilen Kot-d’Iwuar Olimpiýa taryhyndaky ilkinji altyn medalyny sportuň bu görnüşinde gazandy.
SUWA BÖKMEK. 1904-nji ýyldan bäri Olimpiadanyň hataryndaky bu sportda hytaýlylar ýene-de özleriniň taýsyzdygyny subut etdiler. 8 altyn medalyň 7-sini alan hytaýlylar umumylykda sportuň bu görnüşinde iň köp medally amerikanlaryň yzyndan golaýlap barýar (49–40 altyn medal). Beýleki ýekeje altyny-da Beýik Britaniýanyň türgenleri gazandy.
GÖREŞ. Göreşiň grek-rim we erkin diýlen 2 ugrundan geçirilýän bäsleşiklerde russiýaly we ýaponiýaly pälwanlar öňe saýlandy. Olaryň hersi bu ugurdan gowşurylan 18 altyn medalyň 4-sini alyp, kümüş medallaryň-da 3-sini gazanmagy başardy. Kuba bilen ABŞ-nyň pälwanlary 2 altyn alan bolsa, 6 ýurduň wekili 1 altyn medal gazandy. Jemi 27 ýurt bu ugurda medala eýelik etdi.
BOKS. 13 altyn medalyň 3-sini özbegistanly hem-de kubaly boksçular alan bolsa, fransiýaly türgenler 2 altyn medal gazandy. Gazak, rus, britan, amerikan we ýer eýesi brazil boksçulary-da 1 altyn medala mynasyp boldy. Şeýle-de hytaýly, russiýaly we kubaly türgenler 3 bürünç medal bilen çykyş etdiler.
ÇEPER GIMNASTIKA we SENHRONLAÝYN ÝÜZMEK. Diňe zenanlaryň arasynda geçirilýän sportuň bu 2 görnüşinde russiýaly gyzlaryň taýsyzdygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Bu sport görnüşlerindäki 4 altyn medaly-da ruslar eýelemegi başardy. Senhronlaýyn ýüzmegiň 2 görnüşinde-de ýeňiji bolan Nataliýa Işşenko Olimpiadadaky altyn medallarynyň sanyny 5-e çykardy.
ATÇYLYK SPORTY. Atlar bilen dürli päsgelçilikleri geçmek, olary seýislemek, gezelenç etmek ýaly görnüşleri bolan atçylyk sportunda jemi 6 altyn medal gowşurylyp, germaniýaly, britaniýaly we fransiýaly türgenleriň hersi 2 altyndan paýlaşdy. Nemes türgenleri 2 altynyň üstüne kümüşdir bürünç medallaryň hersinden 2-sini hem goşdy.