Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty esa­syn­da oňyn Bi­ta­rap­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­myz saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar bar­ha ber­ki­dil­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky ýurt­lar­dan Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy hem bar­. Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de has-da be­lent sep­git­le­re ýet­di. Iki ýur­duň ara­syn­da gu­ra­lan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar mu­ňa aý­dyň sa­ýat­lyk ed­ýär. 2014-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew Türk­me­nis­ta­na özü­niň il­kin­ji sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ran bol­sa, 2015-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na özü­niň il­kin­ji sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da il­çi­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-gu­ma­ni­tar, ylym-bi­lim we beý­le­ki ugur­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar has-da ber­ki­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 3-4-nji sent­ýabr­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na bol­jak iş sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çyk­ma­gy­na uly iter­gi be­rer. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Çol­po­na­ta şä­he­rin­de 3-8-nji sent­ýabr­da dä­be öw­rü­len Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň oýun­la­ry – spor­tuň et­ni­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, spor­tuň 26 gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­ri öz içi­ne al­ýan bu iri me­de­ni-sport fo­ru­my dün­ýä ýurt­la­ry­nyň 53-sin­den we­ki­li­ýet­le­ri bir­leş­dir­ýär. Spor­tuň dört gör­nü­şi – türk­men mil­li gö­re­şi, gu­şak­ly gö­reş, gyr­gyz we ga­zak gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ra ýur­du­my­zyň to­pa­ry gat­naş­ýar.
Mun­dan baş­ga-da Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­lar oýun­la­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­nyň “Gal­ky­nyş” mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar to­pa­ry­nyň hem-de Döw­let sir­ki­niň “Türk­men ji­git­le­ri” to­pa­ry­nyň çy­kyş­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy
Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýer­leş­ýän Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy 199,9 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re uzap gid­ýän meý­da­ny bi­len dün­ýä­de 85-nji orun­da dur­ýar. Ýur­duň meý­da­ny gün­ba­tar­dan gün­do­ga­ra 900 ki­lo­metr, de­mir­ga­zyk­dan gü­nor­ta bol­sa 410 ki­lo­met­re ba­ra­bar­dyr.
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy dag­lyk ýurt bo­lup, umu­my meý­da­ny­nyň 94,2 gö­te­ri­mi de­ňiz de­re­je­sin­den 1000 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Umu­my meý­da­ny­nyň 5,8 gö­te­ri­mi­ni to­kaý­lyk­lar, 4,4 gö­te­ri­mi­ni suw, 53,3 gö­te­ri­mi­ni oba ho­ja­lyk ekin­le­ri üçin ýa­ram­ly ýer­ler we 36,5 gö­te­ri­mi­ni beý­le­ki ýer­ler tut­ýar. Ol de­mir­ga­zyk­da Ga­za­gys­tan, gü­nor­ta-gün­ba­tar­da Öz­be­gis­tan, gü­nor­ta­da Tä­ji­gis­tan hem-de gü­nor­ta-gün­do­gar­da Hy­taý bi­len ara­çäk­leş­ýär. Kon­ti­nen­tal ho­wa­sy bo­lup, gy­şy­na 40 dereje çenli sowuk, tom­su­na-da 40 de­re­je ys­sy bol­ýar. Bu res­pub­li­ka dün­ýä­niň süý­ji suw­ly ýurt­la­ry­nyň sa­na­wyn­da il­kin­ji 20-li­ge gir­ýär. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy dün­ýe­wi döw­let bo­lup, onuň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk gü­ni – 31-nji aw­gust­da bel­le­nil­ýär. Ýur­duň esa­sy iri şä­her­le­ri – Oş, Ja­la­la­bad we Ka­ra­kol­dyr.
Res­pub­li­ka ad­mi­nist­ra­tiw-çäk bo­ýun­ça 7 we­la­ýa­ta bö­lün­ýär, on­da 21 şä­her bo­lup, ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny 5 mil­li­on 663 mü­ňe ba­ra­bar­dyr. Ila­tyň gür­lü­gi 1 ine­dör­dül ki­lo­met­re 26 adam düş­ýär. Ýurt­da 90-dan gowrak millet ýaşaýar. Ýur­duň ila­ty­nyň 72 gö­te­ri­mi gyr­gyz­lar, şeý­le hem öz­bek­ler (15 %) we rus­lar (9%) ag­dyk­lyk ed­ýär.
Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy dün­ýä­niň 121 döw­le­ti bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. Ola­ryň 70-den gow­ra­gy Bü­tin­dün­ýä Söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy­dyr. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na gir­ýän döw­let­ler bi­len söw­da gat­na­şyk­la­ry şol ýurt­lar bi­len bag­la­şy­lan er­kin söw­da bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň hö­kü­me­ti ma­ýa go­ýum üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek üçin ta­gal­la ed­ýär. 2014-nji ýyl­da Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­giň çä­gin­de ma­ýa go­ýum­la­ry iler­let­mek bo­ýun­ça agent­lik dö­re­dil­di. Ol hem ýur­duň çä­gin­de iş­le­ýän ma­ýa­dar­la­ra uly gol­daw bol­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Bu pu­dak ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Pu­da­gy ös­dür­mek üçin ka­nun­çy­lyk na­ma­sy­na üýt­get­me­ler gi­ri­zil­di we şo­nuň ne­ti­je­sin­de 61 döw­let bi­len yg­ty­ýar­na­ma­syz düz­gün ýo­la go­ýul­dy. Ol hem her ýyl 2,5 mil­li­on­dan gow­rak ja­han­keş­dä­niň gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär.