Ösüm­lik­ler te­bi­gy usul­da ho­wa­ny aras­sa­la­ýar. Şol se­bäp­li öý­ler­de gül­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri hem be­zeg üçin, hem-de tämiz ho­wa­dan dem al­mak üçin ýe­tiş­di­ril­ýär. Ame­ri­ka­ly hü­när­men Bill Wol­wer­ton ada­ty ösüm­lik­le­re ga­ra­nyň­da, ho­wa­ny ýüz es­se ar­tyk aras­sa­la­ýan usu­ly oý­lap ta­pyp­dyr. “ The Plant Air Pu­ri­fi­er” at­ly en­ja­myň içi­ne ada­ty ösüm­lik otur­dyl­ýar. Bu ba­ra­da dö­re­di­len ýö­ri­te saý­tyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ol ho­wa­da­ky zy­ýan­ly zat­la­ry, to­za­ny tämizleýär. “The Plant Air Pu­ri­fi­er” gül­da­na meň­ze­ýär. Gül­da­nyň içi de­şik­li edip ýa­sa­lyp­dyr. Şeý­le hem bir hep­dä çen­li ýet­jek de­re­je­de suw sak­la­ýan bö­lü­mi bar. Onuň içi­ne ho­wa­sy­ny ça­lyş­mak üçin aý­lan­ýan per­ja­gaz ýer­leş­dir­ilip­dir. Gü­li otur­da­nyň­dan soň­ra wagt­ly-wag­tyn­da dö­kü­ni­ni we beýleki minerallary be­rip, ide­gi­ni ýe­ti­rip dur­ma­ly. Gül­da­nyň ada­ty ösüm­lik­den ho­wa­ny has go­wy aras­sa­la­ma­gy­nyň se­bä­bi, ho­wa­ny ösüm­li­giň ýap­ra­gy däl-de, kök­le­ri arassalaýar. Ösüm­li­gi top­rak­dan çy­ka­ryp, su­wuň içi­ne sa­lyp goý­saň, onuň kök­le­rin­de tä­ze, maý­da­ja da­mar­lar eme­le gel­ýär. Oňa suw da­ma­ry di­ýil­ýär. Ösüm­li­giň bu şert­ler­de ýa­şa­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän bu kök­lerde mik­rop­lar bol­ýar. Suw top­ra­ga ga­ra­nyň­da, ösüm­li­giň kö­kü­niň ho­wa bi­len has ýa­kyn­dan “ara­gat­na­şy­gy” ýo­la goý­ma­ga we top­rak­da ös­ýän ösüm­li­ge ga­ra­nyň­da, ho­wa­da­ky zy­ýan­ly mad­da­la­ry has köp ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le­lik­de, ho­wa­ny has çalt aras­sa­la­ýar. Hä­zir­lik­çe bu gül­dan ABŞ-da we Por­to Ri­ko­da sa­tyl­ýar. 12 wolt­luk elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän en­ja­myň ba­ha­sy 229 dol­lar­dan, 5 wolt­luk ener­gi­ýa bi­len iş­le­ýän ki­çi­räk gör­nü­şi 99 dol­lar­dan sa­tyl­ýar.