Smartfon önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Samsung”-yň elektroulaglaryň batareýasyny öndürýändigi köplere mälim däldir. Häzirki wagtda dünýäniň dürli kompaniýalary elektroulag öndürýän hem bolsa, onuň batareýalaryny çykarýan firmalaryň sany az. “Samsung” hem şeýle kompaniýalaryň hataryna goşulmak isleýär. Koreý şereketiniň litiý-ion batareýa öndürýän bölümi “Samsung SDI” häzirki wagtda diňe BMW-niň batareýalaryny öndürýär. Ol bu ugurda dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýasy bolmak üçin tagalla edýär. Kompaniýa golaýda bu ugurda maýa goýum özleşdirmek üçin 358 million dollar bölüp berdi. Häzirki wagtda “LG Chem” we “Panasonic” bu ugurda dünýäniň öňdebaryjylary hasaplanýar.