Ko­lum­bi­ýa hökümeti ýü­zü­nde XX asy­ryň be­ýik ýa­zy­jy­sy Gab­ri­el Gar­si­ýa Mar­ke­siň su­ra­ty şe­kil­len­di­ri­len pu­ly do­la­ny­şy­ga gi­riz­di. Oky­jy­lar köp­çü­li­gi dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy­nyň eser­le­ri ar­ka­ly dün­ýä­de Ko­lum­bi­ýa ýa­ly ýur­duň bar­dy­gy ha­kyn­da il­kin­ji ge­zek bi­lip ga­lyp­dy­lar. Onuň “Ýüz ýyl ýal­ňyz­lyk”, “Pol­kow­ni­ge hiç kim ýa­za­nok” we beý­le­ki eser­le­ri bir­ma­hal­lar ede­bi­ýa­ta go­wy dü­şün­ýän oky­jy­la­ryň hök­man oka­ma­ly ki­tap­la­ry­nyň sa­na­wy­na gir­di.
Ko­lum­bi­ýa­nyň hä­ki­mi­ýe­ti şeý­le ýol bi­len ýa­zy­jy­nyň ha­ty­ra­sy­ny mü­di­mi­leş­di­ren­di­gi­ni mä­lim ed­ýär. Tä­ze çy­ka­ry­lan pul 50 müň pe­so, ýag­ny ABŞ-yň 17 dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lup, açyk gy­zyl reňk bi­len zy­nat­la­nyp­dyr. Ýa­zy­jy 2014-nji ýyl­da 87 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­ýar. Ol 1982-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­na eýe bo­lup, öz ýur­du­na dün­ýä de­re­je­sin­de ab­raý ge­tirýär. Pu­luň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Mar­ke­siň dog­lan şä­he­ri San­ta-Mar­ta­da ge­çi­ril­di. Pul­da di­ňe bir ady bel­li ýa­zy­jy­nyň şe­ki­li däl, eý­sem, ýa­zy­jy­nyň ke­be­lek­ler bi­len gur­şa­lan su­ra­ty hem şe­kil­len­di­ri­lip, “Ýüz ýyl ýal­ňyz­lyk­” at­ly ese­ri­ne sal­gy­la­nyl­ýar. Mar­kes ja­dy­ly rea­lizm žan­ry­ny esas­lan­dy­ran ýa­zy­jy hök­mün­de giň­den ta­nal­ýar.