Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de her bir gü­ni ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re, gu­wan­dy­ry­jy ýe­ňiş­le­re bes­len­ýän gö­zel ili­miz­de spor­ty, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ugur­da ga­za­nyl­ýan ne­ti­je­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 8-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, şu ýy­lyň se­kiz aýy­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da 110 sa­ny ýa­ry­şyň hem-de 66 sa­ny köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň ge­çi­ri­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Ha­sa­bat­da be­ýan edi­li­şi ýa­ly, türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň 1008-si­ne gat­na­şyp, 420 me­da­la, şol san­da 142 al­tyn, 131 kü­müş we 147 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek, mu­nuň üçin bar bo­lan kuw­wat­lyk­lar­dan hem-de müm­kin­çi­lik­ler­den do­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de ze­rur iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de sport hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Adam­la­ryň baş sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, sag­dyn jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, dün­ýä sport äle­min­de üs­tün­lik ga­zan­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ýa­ly mö­hüm baş­lan­gyç­lar­dan göz­baş al­ýan bu iş­ler gün-gün­den tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ýar.
Şu ýer­de bir ýag­da­ýy gu­wanç bi­len bel­läp geç­mek is­le­ýä­ris. Ol hem türk­men tür­gen­le­ri­niň soň­ky bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, üs­tün­lik ga­zan­ma­ga bo­lan hö­wes­le­ri­niň art­ýan­ly­gy­dyr. 8-nji sent­ýabr­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da Ys­syk­kö­lüň ke­na­ryn­da­ky şy­pa­ha­na şä­he­rin­de Çar­wa­dar­la­ryň II Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. Dün­ýä sport äle­min­de uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den bu sport fo­ru­my­na Türk­men tür­gen­le­ri­niň gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Ol ýer­de ge­çi­ri­len oýun­la­ryň dört gör­nü­şi bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­ler­de türk­men tür­gen­le­ri je­mi 23 me­da­la eýe bol­du­lar. Ola­ryň 15-si al­tyn, iki­si kü­müş we al­ty­sy bü­rünç me­dal­dyr.
Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bü­tin­dün­ýä çar­wa­dar­la­ry­nyň oýun­la­ryn­da me­dal ga­za­nan türk­men tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­dy. Türk­men tür­gen­le­ri­niň bu aja­ýyp üs­tün­li­gi ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da sport ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň no­bat­da­ky aý­dyň my­sa­ly bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz baý­rak­ly do­la­nan tür­gen­le­ri­mi­ze ýe­ňil aw­tou­la­gyň açar­la­ry­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy.
Ys­syk­köl­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da Al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bo­lan­la­ryň ha­ta­ryn­da Re­je­pa­ly Ora­za­ly­ýew, Zuh­ra Mad­rai­mo­wa, Gül­nar Ha­ýyt­ba­ýe­wa, Ra­no Uza­ko­wa, Me­det Hal­ly­gur­ba­now, Na­si­ba Sur­ki­ýe­wa, Şat­lyk Ju­ma­na­za­row, Han­gel­di Al­la­kow, Gy­lyç Ju­ma­ýew we Jep­bar Ata­mäm­me­dow bar. Ra­no Uza­ko­wa we La­çyn Ba­dag­ly­ýe­wa kü­müş me­da­ly eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Ba­tyr Gur­ban­ýa­zow, Yl­ýas Mo­mu­now, Mak­su­da Egem­ber­dy­ýe­wa, Ser­dar Jo­ra­ku­ly­ýew, Me­det Hal­ly­gur­ba­now we Gu­wanç Ýag­mu­row bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.
Bu üs­tün­lik­ler ýur­du­myz­da spor­ta uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni hem-de spor­ta hö­we­sek ýaş­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­sin­de gu­ral­ýan ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy baş mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu ugur­da­ky öň­den­gö­rü­ji­lik­li stra­te­gi­ýa­sy sport döw­le­ti hök­mün­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Türk­men tür­gen­le­ri­niň ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da, şol san­da Azi­ýa­nyň we dün­ýä­niň çem­pio­nat­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi mu­nuň aja­ýyp mi­we­si­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, sport äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti­dir.
Ha­wa, türk­men hal­ky­my­zyň dur­muş-ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň bar­ha ýo­ka­ry de­re­je­de ös­me­gi, gö­zel paý­tag­ty­my­zyň, şä­her­dir oba­la­ry­my­zyň dur­ku­nyň öz­ger­me­gi, gu­rul­ýan bi­na­lar bi­len ugur­daş sport des­ga­la­ry­nyň hem gu­rul­ma­gy bi­ziň her bi­ri­mi­ziň sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­my­zy, sag­ly­gy­my­zy ber­kit­mä­ge, he­mi­şe iş­jeň, ru­hu­be­lent ha­la eýe bol­ma­gy­my­zy üp­jün ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de gö­zel paý­tag­ty­myz­da mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň gu­rul­ýan­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň dur­mu­şyn­da tä­ze sport eý­ýa­my­nyň dö­re­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi 157 gek­tar ýe­ri öz içi­ne al­ýar. Dün­ýä sport äle­min­de uly wa­ka öw­rül­jek bu sport fo­ru­my­na bü­tin dün­ýä­niň sport jan­kö­ýer­le­ri uly hö­wes bi­len ga­raş­ýar­lar. Türk­men tür­gen­le­ri­niň şu gün­ler­ki hal­ka­ra oýun­la­ryn­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri ola­ryň ge­le­jek­de ýur­du­myz­da gu­ral­jak dün­ýä ýa­ryş­la­ryn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­dik­le­ri­ne anyk şa­ýat­lyk ed­ýär.

Gül­şen BEG­LI­ÝE­WA,
Ma­ry we­la­ýat Sag­ly­gy
go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň pa­ta­lo­gik
ana­to­mi­ýa eda­ra­sy­nyň
iş­gär­ler bo­ýun­ça ins­pek­to­ry.