Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ta­gal­la­sy bi­len türk­men döw­le­ti ag­rar ýurt bol­mak­dan çy­kyp, dün­ýä­niň se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýar. Ýur­du­my­zyň se­na­gat dü­zü­mi tä­ze­den döw­re­bap­laş­dy­ry­lyp, bu ugur­da tä­ze ugur­lar açyl­ýar. Şo­la­ryň bi­ri-de elekt­ron se­na­ga­ty­dyr. Bu ugur­da eý­ýäm de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Ýa­ňy-ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­ky­şyn­da şeý­le diý­di: “Ýur­du­my­zyň se­na­gat pu­da­gy hem ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­ýär. Ge­çen dö­wür­de se­na­gat önüm­le­ri­niň möç­be­ri ýe­di es­se­den hem köp art­dy. Ge­çi­ri­len düýp­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de, ýer­li te­bi­gy we beý­le­ki se­riş­de­le­ri ulan­ýan tä­ze pu­dak­lar eme­le gel­di. Bu pu­dak­lar­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly ýo­ka­ry hil­li önüm­ler ön­dü­ril­ýär”. Şun­da­nam gör­nü­şi ýa­ly, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat taý­dan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän tu­tum­ly iş­le­re ba­dal­ga be­ril­di.
Döw­let ösüş mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da elekt­ron pu­da­gy­nyň tä­ze­çil ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän dür­li hi­li elekt­ron en­jam­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça kär­ha­na­ny dö­ret­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Oňa la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky “Türk­men­ma­şyn­gur­lu­şyk” kon­ser­ni bi­len ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan “Tä­ze za­man gur­lu­şyk­çy” hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ara­syn­da “Aý­dyň gi­je­ler” at­ly ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ni dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şol ýer­de bol­sa, LED lam­pa­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak mak­sat edi­nil­ýär.
Mun­dan baş­ga-da bu ugur­da se­riş­de we ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa elekt­ron we elekt­ro­teh­ni­ki se­na­ga­tyn­da içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar üçin bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­li­gi dö­ret­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da iş­ler ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ýar.
Elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek ba­bat­da ylym-bi­lim pu­da­gyn­da-da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky önüm­çi­lik des­ga­la­ryn­da zäh­met çek­jek hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň dü­zü­min­de tä­ze bö­lüm­ler açyl­dy. Oňa türk­men ýaş­la­ry oku­wa ka­bul edil­di.
Şeý­le hem şu ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­dil­en tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň — Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­ açyl­dy. Ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ul­ga­myn­da bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hem-de in­no­wa­si­on ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýär.
Tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň açyl­ma­gy – mu­nuň özi bi­lim ul­ga­myn­da ýe­ne-de bir des­ga­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol bi­lim ba­bat­da­ky şan­ly wa­ka­dyr. Bu wa­ka bol­sa, beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir­lik­de bi­lim ul­ga­my­nyň hem ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Şo­nuň üçin mil­li Li­de­ri­miz: “Öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si na­za­ra al­nyp bi­na edi­len top­lum­da ta­lyp ýaş­la­ry­myz döw­re­bap bi­lim­le­ri we ylym­la­ry öz­leş­di­rer­ler. Ola­ryň öz yl­my-in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri­ni, se­na­gat-in­no­wa­si­on, mag­lu­mat-teh­no­lo­gi­ki yl­my-bar­lag­la­ry­ny Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň yl­my-teh­no­lo­gik bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn” di­ýip bel­le­ýär.
Şeý­le­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­ny top­lum­la­ýyn se­na­gat­laş­dyr­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­sin­de gaý­ta­dan iş­le­mek se­na­ga­ty­nyň ýe­ten sep­git­le­ri Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ok­gun­ly ösü­şi­niň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar.

Al­tyn Hy­dy­ro­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.