Geçen ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Aşgabat şäherinde gurlan Metbugat öýi toplumy ulanylmaga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen neşirýat ulgamyna degişli täze desga hormatly Prezidentimiziň bu möhüm pudagyň ösdürilmegi ugrunda edýän aladasynyň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, soňky ýyllarda neşirýat işi öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Her ýylda neşir edilýän kitaplaryň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak döwletimiziň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda neşirýat pudagy sazlaşykly ösýär, neşir önümleriniň, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy, çeper we ylmy edebiýatlaryň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen bezegli kitaplaryň, nusgalyk neşirleriň ýokary hil derejesini üpjün edýän öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar.
Paýtagtymyzda “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýolunda” atly halkara sergi-ýarmarkalary, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Olarda ylmy we dünýä neşirýat ulgamynyň üstünlikleri, ýeten derejeleri görkezilýär. Mirasa sarpa goýmak,Watany özgertmek ýylynda hem bu däbe öwrülen sergi-ýarmarka we ylmy maslahat üstünlikli geçirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän sergä dostlukly döwletleriň onlarçasyndan wekiller gatnaşyp, olar türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bu kitap sergisi Türkmenistana, onuň neşir etmek işinde gazananlaryna we üstünliklerine içgin üns berilýändigini, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegi babatda uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyň görkezýär, oňa gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çaphana – neşirýat pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm gumanitar esaslarynyň biri bolup, döwletimiz bu ugry ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlaryny goýberýär. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde dünýäniň esasy öndürijilerinden innowasion tehnologiýalaryň hem-de döwrebap tehnikalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda häzirki zaman neşirýat önümçiliginiň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hünärmenleri Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasyna şu ýyl hem gatnaşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişde dünýäniň 30 döwletinden 500-den gowrak neşirýatyň wekilleri önümlerini görkezdiler.
29-njy Moskwa kitap sergisiniň çäklerinde XIII “Kitap sungaty” atly halkara bäsleşigi geçirildi. On bir görnüş boýunça jemi 58 neşir hödürlenilen bäsleşige Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleri gatnaşdy. Eminleriň öňünde GDA-nyň 7 ýurdundan has gyzykly neşir taslamalaryny saýlamakdan ybarat bolan çylşyrymly wezipe durdy.
Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan çykarylan kitap önümleriniň däp bolşy ýaly, “Kitap sungaty” bäsleşiginde ýokary orunlary eýeleýändigini bellemek gerek. Üstümizdäki ýylda hem şol ýörelge mynasyp dowam etdirildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Neýtralnyý Turkmenistan” atly kitaby “Gran-pri” baş baýragyna, “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenen we tertipleşdirilen halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň ýygyndysy “Arkalaşyk” diýen ugur boýunça ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy.
“Meniň Watanym Bitarap” diýen ösüp gelýän nesillere niýetlenen neşir “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” diýen ugur boýunça ýeňijileriň hataryna girdi. “Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” diýen ylmy-populýar iş “Medeniýetleriň gatnaşygy” diýen ugur boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. “Ylym we innowasiýa” diýen ugur boýunça Marynyň täsin çeperçilik mekdebine bagyşlanan “Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” atly kitap bäsleşigiň diplomyna mynasyp görüldi.
Şeýlelikde, milli neşirýat gullugy nobatdaky gezek özüniň ýokary poligrafiýa derejesini hem-de bäsleşijilik mertebesini tassyklady, ýurdumyzyň kitap önümleri bolsa diňe bir abraýly eminleriň ykrar etmegine däl, eýsem, sergä gelenleriň hem işjeň gyzyklanmasyna mynasyp boldy.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen neşirleriniň mynasyp bolan sylaglary, ýurdumyzyň poligrafiýaçylarynyň ussatlygynyň we önümleriniň hiliniň ýokarlanmagyna, hünär derejeleriniň artmagyna hem-de dünýäniň maglumat-neşirýat giňişligine has-da ýakynlaşmagyna itergi berer.
Milli Liderimiz neşirýatçylara, çaphana ulgamynyň işgärlerine, çeper söz ussatlaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kuwwatly neşirýat ulgamynyň kemala getirilmeginde, neşir edilýän önümleriň sünnälenip, sungat derejesine ýetirilmeginde bu ulgamyň işgärleriniň hyzmatynyň örän uludygyny belleýär. Olar bolsa, özlerine bildirilýän ynamy ödemek üçin gujur-gaýrata beslenip işleýärler.
Güljahan Saryhanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.