Dünýäniň ilkinji film festiwaly bolan Wenesiýa kino şüweleňi öz işini tamamlady. Italiýanyň owadan şäherinde geçirilen 73-nji film festiwalynda baş baýraga – “Altyn ýolbars” sylagyna filippinli režissýor Law Diazyň “Taşlap giden zenan” (Ang Babaeng Humayo) kinosy laýyk görüldi. Ol bu sylagy alan ilkinji filippin kinosydyr. Ýeri gelende aýtsak, režissýoryň başga bir kinosy şu ýylyň fewral aýynda geçirilen Berlin film festiwalynda Alfred Baueriň adyny göterýän “Kümüş aýy” baýragyny-da alypdy. Eminleriň “Gran Pri” baýragy “Gijeki haýwanlar” (Nocturnal Animals) filmi üçin režissýor Tom Forda berildi. Festiwalyň ýene bir esasy sylaglaryndan iň gowy režissýor ugrunda berilýän “Kümüş ýolbars” baýragyny “Eldekileşdirilmedik” (La Region Salvaje) filmi üçin meksikaly Amat Eskalante bilen “Uçmah” (Paradise) filmi üçin russiýaly Andreý Konçalowskiý paýlaşdy. Iň gowy aktýor we aktrisa diýlen ugurda “Volpi” kuboklaryna degişlilikde, “Hormatly raýat” (El ciudadano ilustre) filminiň ýyldyzy Oskar Martines hem-de “La La Land” filmi üçin amerikaly aktrisa Emma Stoun laýyk görüldi. Iň gowy ssenariý baýragy çilili režissýor Pablo Larrainiň surata düşüren “Jeki” (Jackie) atly filminiň ssenariçisi Noý Oppenhaýma berildi. Ana Lili Amirpuryň režissýorlyk eden “Ýaramaz topar” (The Bad Batch) kinosy eminleriň ýörite baýragyna laýyk görüldi. Marçello Mastroianni adyndaky sylaga fransiýaly režissýor Fransua Ozonyň “Frantz” kinosy mynasyp boldy.
10 günläp dowam eden festiwalda her ýyl gowşurylýan hormat sylaglaryna bu gezek fransuz kino sungatynyň ägirtlerinden Žan-Pol Belmondo bilen polşaly režis- sýor Žerzi Skolimowskiý mynasyp boldy.
Ilkinjisi 1932-nji ýylda geçirilen Wenesiýa film festiwalynyň bu ýyl 73-njisi guraldy. Onda 20 film bäsleşip, olara Sem Mendesiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary baha berdi.