Te­le­wi­de­ni­ýe äle­mi­niň iň uly sy­la­gy bo­lan “Em­mi Praým­taým” baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. 68-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu çä­re Los An­je­les­dä­ki “Micro­soft” te­at­ryn­da gu­ra­lyp, ony Jim­mi Kim­mel alyp bar­dy. Şow­hun­ly ge­çen da­ba­ra­da iň go­wy dra­ma se­ria­ly diý­lip, ýe­ne bir ýo­la “Tagt oýun­la­ry” (Ga­me of Thro­nes) saý­lan­dy. Mil­li­on­lar­ça yn­sa­nyň to­ma­şa ed­ýän bu se­ria­ly bas­syr 2-nji ge­zek iň go­wy dra­ma se­ria­ly diý­len ugur­da “Em­mi” baý­ra­gy­ny ga­zan­dy. Mun­dan baş­ga-da ýe­ne 2 sy­lag dra­ma se­ri­al­la­ryn­da iň go­wy re­žiss­ýor we sse­na­riý baý­rak­la­ry­ny alan bu se­ria­lyň hä­zi­re çen­li ga­za­nan “Em­mi” heý­kel­jik­le­ri­niň sa­ny 38-e ýet­di. Şeý­le­lik­de, 6 möw­süm­den bä­ri gör­ke­zi­lip gelin­ýän ek­ran ese­ri iň köp “Em­mi” baý­ra­gy­ny alan se­ri­al bol­ma­gy ba­şar­dy. Iň go­wy ko­me­di­ýa se­ria­ly baý­ra­gy­na ge­çen ýyl­dan soň, bu ýy­lam “Wi­se-pre­zi­dent” (Veep) se­ria­ly la­ýyk gö­rül­di. Kö­püň söý­gü­si­ni ga­za­nan bu se­ri­al esa­sy gar­şy­daş­la­ry hök­mün­de gö­rül­ýän “Mo­dern Fa­mi­ly”, “Trans­pa­rent”, şol san­da “Mas­ter of No­ne”, “Black-ish”, “Slicon Val­ley”, “Unb­rea­kab­le Kim­my Schmidt” ýa­ly ko­me­di­ýa­lar­dan ta­pa­wut­lan­dy. Çäk­li (gys­ga göw­rüm­li) se­ri­al­la­ryň ara­syn­da iň go­wu­sy diý­lip, “The Pe­op­le v. O. J. Simp­son: Ame­rican Cri­me Sto­ry” saý­lan­dy. “Sher­lock: The Abo­mi­nab­le Bri­de” ek­ran ese­ri­niň iň go­wy te­le­film saý­la­nan da­ba­ra­syn­da “Last We­ek To­night with John Oliver” gep­le­şi­gi iň go­wy tolk ­şou, “Key & Pee­le” iň go­wy sah­na şou, “The Voice” iň go­wy “rea­li­ty” şou diý­len ugur­lar­da “Em­mi” baý­ra­gy­ny ga­zan­dy­lar.
“Wi­se-pre­zi­dent” se­ria­lyn­da baş keş­bi jan­lan­dyr­ýan Ju­lia Lu­is-Dreý­fuss ko­me­di­ýa se­ri­al­la­ry­nyň iň go­wy akt­ri­sa­sy diý­lip saý­lan­dy. Ta­ny­mal akt­ri­sa bas­syr 5-nji sapar bu hor­ma­ta my­na­syp bol­dy. Umu­my­lyk­da 6-njy ge­zek ko­me­di­ýa se­ri­al­la­ry­nyň iň go­wy akt­ri­sa­sy saý­la­nan Ju­lia Lu­is-Dreý­fuss 2006-njy ýyl­da-da “The New Adven­tu­res of Old Chris­ti­ne” se­ria­ly bi­len bu baý­ra­gy alyp­dy. Dra­ma se­ri­al­la­ry­nyň iň go­wy akt­ri­sa­sy baý­ra­gy­na-da “Orp­han Black” se­ria­lyn­da jan­lan­dyr­ýan dür­li keşp­le­ri üçin Tat­ýa­na Mas­la­ni my­na­syp gö­rül­di. Bu onuň il­kin­ji “Em­mi” baý­ra­gy­dyr.
Iň go­wy akt­ýor baý­rak­la­ry-da Ra­mi Ma­lek bi­len Jeff­reý Tem­bo­ra be­ril­di. Ra­mi Ma­lek “Je­nap Ro­bot” (Mr. Ro­bot) dra­ma se­ria­lyn­da­ky, Jeff­reý Tem­bor bol­sa “Trans­pa­rent” ko­me­di­ýa se­ria­lyn­da­ky keş­bi üçin iň go­wy akt­ýor diý­lip saý­lan­dy. Dra­ma se­ri­al­la­ry­nyň ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry­ny de­giş­lilik­de, Ben Men­del­son (“Blood­li­ne”) bi­len Meg­gi Smit (“Down­ton Ab­bey”) ga­zan­dy. Ko­me­di­ýa se­ri­al­la­ry­nyň ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry-da Louie An­der­son (“Bas­kets”) bi­len Keýt Mak­Kin­no­na (“Sa­tur­day Night Live”) gow­şu­ryl­dy.