Hal­ka açyk iň uly ki­no fes­ti­waly bo­lan To­ron­to film fes­ti­wa­ly­nyň (TIFF) 41-nji­si ta­mam­lan­dy. Ka­na­da­nyň To­ron­to şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bu fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga – “To­ma­şa­çy­la­ryň saý­la­ny” di­ýen sy­la­ga (Pe­op­le’s Choice Award) re­žiss­ýor Da­mi­en Şa­zel­liň saz­ly gör­nüş­dä­ki ki­no­sy “La La Land” my­na­syp bol­dy. 3 os­kar­ly “Sars­gyn” (Whip­lash) fil­mi bi­len ady­gan ýaş re­žiss­ýo­ryň bu kinosunda baş keşp­le­ri owa­dan akt­ri­sa Em­ma Stoun bi­len ta­ny­mal akt­ýor Ra­ýan Gos­ling jan­lan­dyr­ýar. Şun­luk­da, bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, “La La Land” fil­mi Os­kar ug­run­da-da esa­sy da­laş­gär­le­riň bi­ri bo­lar. To­ron­to film fes­ti­wa­lyn­da baş baý­ra­gy alan ki­no­la­ryň Os­ka­ra da­laş­gär bo­lan­dy­gy, hat­da şo­la­ryň kä­bir­le­ri­niň iň go­wy film diý­len ugur­da ar­zy­ly heý­kel­ji­gi alan­dy­gy hem­mä mä­lim. Mu­ňa my­sal hök­mün­de, “Alaw ulag­la­ry” (Cha­riots of Fi­re, 1982), “Ame­ri­kan gö­ze­li” (Ame­rican Beau­ty, 1999), “Kül­be­den çy­kan mil­lio­ner” (Slum­dog Mil­lio­nai­re, 2008), “Ko­rol gür­le­ýär” (The King’s Speech, 2010), “12 ýyl ýe­sir­lik­de” (12 Years a Slave, 2013) ki­no­la­ry To­ron­to­dan soň, Os­kar­da-da iň uly sy­la­gy alyp­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, on­lar­ça film Os­ka­ryň dür­li baý­rak­la­ry­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nip, kä­bir ugur­la­ryn­da ýe­ňi­ji bol­dy. 1976-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän fes­ti­wal­da bu ýyl beý­le­ki sy­lag­la­ry-da dür­li ki­no­la­r paý­laş­dy. Gart De­wi­siň “Ýol­bars” (Li­on) ki­no­sy to­ma­şa­çy­lar ta­ra­pyn­dan iň go­wy 2-nji, bel­li re­žiss­ýor Mi­ra Nai­riň “Kat­we­niň şa ze­na­ny” (Queen of Kat­we) fil­mi-de iň go­wy 3-nji ki­no diý­lip saý­lan­dy. Şeý­le-de “I’m Not Your Neg­ro”, “Be­fo­re the Flood”, “Free Fi­re” do­ku­men­tal film­le­ri, “Raw”, “Jackie”, “Ka­ti Ka­ti”, “In Bet­we­en”, “I’m Not Ma­da­me Bovary” ýa­ly ki­no­lar-da dür­li ugur­lar­da ýe­ňi­ji bol­dy.