Je­ki Çan Os­ka­ra la­ýyk gö­rül­di
Ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ki­no ýyl­dy­zy, uruş­ly film­le­riň ägir­di, gon­kong­ly akt­ýor Je­ki Çan Os­kar baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Ki­no sun­ga­tyn­da 40 ýy­ly ar­ka atan we 150-ä go­laý ki­no­da su­ra­ta dü­şen kö­püň söý­gü­li akt­ýory Je­ki Çan­dan baş­ga-da, Aka­de­mi­ýa­nyň hor­mat sy­la­gy­na do­ku­men­tal film­çi Fre­de­rik Waýs­men, mon­taž­çy Enn W. Koa­tes, kas­ting-di­rek­tor Linn Stal­mas­ter my­na­syp bol­dy. Os­ka­ryň esa­sy da­ba­ra­syn­dan 4 aýa go­laý öňür­ti be­ril­ýän bu hor­mat sy­lag­la­ry­nyň şu ýyl­ky gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy 12-nji no­ýabr­da Gol­li­wud­da­ky “Grand Ball­ro­om” myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­ler.

Na­ta­li Dor­mer us­sat­lar bi­len bi­le­lik­de
Baş keşp­le­ri­ni us­sat akt­ýor­lar Mel Gib­son bi­len Şon Pen­niň jan­lan­dyr­jak “The Pro­fes­sor and the Mad­man” at­ly fil­min­de ta­ny­mal akt­ri­sa Na­ta­li Dor­mer hem çy­kyş eder. Saý­mon Wi­nes­te­riň ady­bir ese­ri esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak ki­no­da meş­hur Oks­ford iň­lis­çe söz­lü­giniň dö­re­di­lişi ba­ra­da gür­rüň ber­ler. Fil­me Mel Gib­so­nyň “Apocalyp­to” ki­no­sy­nyň sse­na­ri­si­ni ýa­zan Far­had Sa­fi­nia re­žiss­ýor­lyk eder. Şu aýyň aýa­gy­na su­ra­ta al­nyp baş­la­njak film gel­jek ýyl­da pro­ka­ta çy­kar.

Re­bek­ka Fer­gu­so­nyň tä­ze fil­mi
Akt­ri­sa Re­bek­ka Fer­gu­son us­sat akt­ýor Hýu Jek­ma­nyň baş keşp­de su­ra­ta düş­jek “The Grea­test Show­man” at­ly fil­mi­niň kas­tin­gi­ne go­şul­dy. Maýkl Greý­si­niň re­žiss­ýor­lyk et­jek ki­no­syn­da Fer­gu­son bi­len Jek­man­dan baş­ga-da, Zek Ef­ron, Mi­şell Wil­liams we ýaş aý­dym­çy gyz Zen­da­ýa da­gy hem dür­li keşp­le­ri jan­lan­dy­rar. “Fox” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni Maýkl Arndt ýa­zar.

Jon­ni Depp aň­taw­çy­nyň keş­bin­de
“Ka­rib deň­zi­niň ga­rak­çy­la­ry” film­ler top­lu­my­nyň baş gah­ry­ma­ny Jek Spar­row, ýag­ny akt­ýor Jon­ni Depp ýe­ne bir uly tas­la­ma­da su­ra­ta dü­şer. Ol Ren­dall Sal­li­wa­nyň ady­bir ro­ma­ny esa­syn­da taý­ýar­lan­jak “LA­by­rinth” at­ly film­de baş keş­bi, aň­taw­çy Ras­sel Pu­luň keş­bi­ni jan­lan­dy­rar. Tu­pak Şa­kur we B.I.G. ba­ra­da gür­rüň ber­jek ki­no­ny Bred Fýur­man su­ra­ta dü­şü­rer. Tril­ler gör­nüş­li ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni-de Kris­ti­an Kont­re­ras ýa­zar.