Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti babatda dünýäde emele gelen iň oňat tejribäni özünde birleşdirýän özbaşdak milli ülňi döredendigini nygtamak bilen, bu milli ülňiniň ähli jikme-jikligini açyp görkezdi.
Syýasy durnuklylygy, howpsuzlygy, adalatlylygy we jemgyýetdäki tertip-düzgüniň goraglylygyny üpjün edýän netijeli döwlet häkimiýetiniň emele getirilmegi, eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deňhukuklylygy, dünýä hojalygynyň özara baglanyşyklarynyň ählumumylaşýan şertlerinde ýurduň daşary ykdysady syýasatynyň köpugurlylygy, BMG, ÝB-niň we GDA-nyň ýurtlary bilen utgaşykly arabaglanyşyklaryň, ilkinji nobatda-da, ykdysady gatnaşyklaryň düýpli we taraplara bähbitli ýagdaýda ýola goýulmagy – bularyň ählisi Türkmenistanyň milli durmuş-ykdysady ösüş ülňüsiniň özenini düzýän aýratynlyklardyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýeti maliýe we ykdysady çökgünligiň ýowuz täsirine sezewar boldy.
Berkarar döwletimiziň makroykdysady görkezijilerine beýle bir uly zyýan ýetirip bilmedi. Bu üstünligiň milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň gurluşyny we köp görnüşliligini düýpli özgertmek, önümçiligi tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, täze pudaklary döretmek, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek boýunça birnäçe ýyla niýetlenen we oýlanyşykly düzülen ösüş Maksatnamasynyň netijeleridigine bu gün arkaýyn göz ýetirýäris. Geçen 25 ýylda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi, önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-siniň gurulmagy we işe girizilmegi hem ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň neneňsi sagdyndygyny görkezýär.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2007-nji ýyl ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin möhüm sepgit boldy. Şol ýyl milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, maliýe we pul-karz hem-de durmuş ulgamynda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyrmagyň zerurdygy yglan edildi. Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzüldi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň umumy ýaşaýyş meýdany bilen üpjünçiligi 23,2 inedördül metre ýetýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaky görkezijiden iki esse ýokarydyr.
Ýurdumyzyň senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi ýedi esseden hem köp artdy. Geçirilen düýpli ykdysady özgertmeler netijesinde, ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklar emele geldi. Bu pudaklarda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 4 esse köpdür. Mundan başga-da çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artdy. 2015-nji ýylda dokma pudagynyň kärhanalarynda 120 müň tonna nah ýüplük, 209 million inedördül metr nah mata öndürildi. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaka garanyňda degişlilikde 24,4 we 7 esse köpdür.
Şeýlelikde, bu gün biz ykdysadyýeti ösýän we halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri ýokarlanýan döwletleriň hataryna goşuldyk. Mähriban Watanymyzyň kuwwatyny has-da güýçlendirmek, şonuň netijesinde bolsa, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, şu günki nesillerimiziň ertirki bagtyýar, bolelin durmuşyny kepillendirmek maksady bilen ykdysadyýetimize ägirt uly möçberlerde maýa goýumlary goýulýar. Amala aşyrylýan şeýle bimöçber işleriň netijesinde bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary, maddy girdejileri ýylsaýyn ýokarlanýar. Milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň 10 göterim köpeldilmegi hem bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär.
Gürrüňi edilen özgertmeleriň, ýetilen sepgitleriň, ösüşleriň ählisi ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň juda oýlanyşykly işlenip taýýarlanandygyny, onuň durmuşa geçirilýän milli nusgasynyň ylmy taýdan esaslandyrylandygyny jikme-jikligi bilen görkezýär. Ak mermere bürenen, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň hem-de gadymy diýarymyzyň dürli künjeklerindäki oba-şäherleriniň geljekki nesillere miras galjak dür däneleri ýaly binagärlik toplumlary, güýçli depginlerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, senagat kärhanalary, demir hem gara ýollary, medeni hem sport merkezleri, ýokary we orta okuw mekdepleriniň gözüňi gamaşdyrýan täze ajaýyp binalary, ýakynda açylyp, ulanylmaga berlen halkara howa menzili… ýylsaýyn ösýän mähriban Watanymyzyň güýçlenýän ykdysady kuwwatynyň ajaýyp şöhlelenmesine öwrülýär.
Ogulbagt Hallyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.