Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan alada etmegi netijesinde ýurdumyzyň tiz ösýän üstaşyr-ulag gatnawlaryny sebitara we yklymara möçberlerde giňeltmek mümkinçilikleri barha artýar. Bitarap Watanymyzyň Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi ägirt uly üstaşyr geçirmek mümkinçiligini döredýär.
Türkmenistanyň häzirki wagtda öňe sürýän iki sany möhüm başlangyçlarynyň biri energetika howpsuzlygyna, ikinjisi bolsa, ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge degişlidir. Olar halkara guramalarynyň goldawyna mynasyp bolýar. Merkezi Aziýa üçin Modal Ýoluny döretmek baradaky başlangyç halkara giňişliginde ykrarnama eýe boldy. 2014-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnamasy kabul edildi. Kararnamanyň düzgünleri taýýarlanylanda, ulag we üstaşyr kommunikasiýalaryny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmeleriň beýany bolan Aşgabat Jarnamasyndan ugur alyndy. 2015-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Kararnamasyny kabul etdi. Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanyp, 16–17-nji sentýabrda paýtagtymyzda media-forum geçirildi. Şu ýylyň 25–27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag boýunça Ählumumy maslahatynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, Ýewraziýa yklymynda bu ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşylar.
Ýurdumyzy Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş Ummany we Günorta Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny üpjün edýän transkontinental köprä öwürmek üçin uly işler geçirilýär. Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça ýollary hem-de çatryklary birleşdirýän milli üpjünçilik ulgamy barha giňeldilýär. Demirgazyk–Günorta ugry boýunça “Gazagystan–Türkmenistan–Eýran” demir ýolunyň gurlup, ulanmaga berilmegi, şeýle hem “Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygy şol maksatnamalaýyn işleriň bir bölegidir. Bu ýol sebitdäki gury ýer döwletlerini dünýäniň iri bazarlaryna çykarmakda netijeli ugur bolar. Ýurdumyzyň deňiz floty hem ösdürilýär. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy iri ulag taslamalarynyň biridir.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde özboluşly inženerçilik desgalary – halkara ulag ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek demir ýol we awtomobil köprüleri hem giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berilýär. Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki köprülerden başga-da, täze awtomobildir demir ýol köprüleriniň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Aşgabat–Garagum–Daşoguz, Türkmenbaşy–Aşgabat–Farap awtomobil ýollary dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, olaryň ugrunda häzirki zaman ulag çatryklary, köprüler we estakadalar gurulýar. Häzirki wagtda gurluşygyna badalga berlen ajaýyp taslama bolan Aşgabat–Türkmenbaşy ýoly Türkmenbaşy şäherine, has takygy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga geljekler üçin amatly gatnawlary döreder. Umumy uzynlygy 564 kilometr, ini 34,5 metr boljak, barlag-goýberiş nokatlarynyň, tehniki hyzmat ediş duralgalarynyň birnäçesiniň, ýangyç guýujylaryň, ulanyş gullugynyň binalarynyň 5-siniň, awtoulaglar duralgasynyň 20-siniň, köprüleriň 217-siniň gurulmagy göz öňünde tutulýan Aşgabat–Türkmenbaşy awtomobil ýoly milli ulag infrastrukturasynyň ajaýyp taslamalarynyň biridir.
Raýat awiasiýasy ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Aşgabatda ulanmaga berlen döwrebap Halkara howa menzili ýurdumyzyň esasy “howa derwezesi”, kontinent we kontinentara howa ýollarynyň üstaşyr geçýän iri menzili bolar. Bu döwrebap toplum Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Ýewropanyň iri ýük daşaýjy “Сargoluх” awiakärhanasy Lýuksemburg–Türkmenbaşy aralygy boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady. 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan bu howa gatnawlarynyň sany 10-a çenli köpeldildi.
Nesip bolsa, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini artdyrmakda, ägirt uly ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda Aşgabadyň döwrebap, sebitde iri Halkara howa menzili möhüm orny eýelär.
Şanazar ALLAGULYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň mugallymy.