Soňky ýyllarda kosmos pudagynda has uly taslamalary durmuşa geçirýän Hytaýda dünýäniň iň uly teleskopy işe girizildi. “Five-hundred-meter Aperture Spherical Radio Telescope” (FAST) atly äpet teleskopyň gurluşygyna 2011-nji ýylda başlanypdy. Onuň üçin 1,2 milliard dollar sarp edilipdir. Häzire çenli iň uly teleskop Porto Rikoda bolup (“Arecibo”), onuň diametri 300 metr. FAST-yň maglumatlary seljeriş tizligi “Arecibo”-dan 10 esse ýokary. Bilermenler Hytaýda gurlan bu ylmy-barlag merkeziniň işe girizilmegi bilen ýurduň kosmos pudagyndaky ylmy barlaglaryň has-da artdyrjakdygyny aýdýarlar. Şeýle hem astronomlaryň sowallarynyň köpüsine hem jogap tapylar.
4450 sany panelden ybarat bolan radioteleskop maglumat toplamaga başlady. Şeýle hem FAST has takyklygy bilen tapawutlanýar. Onuň duýgurlygy häzirki teleskoplardan iki esse ýokary. Soňky synaglarda teleskobyň 1351 ýagtylyk ýyly uzaklykdaky ýyldyzdan radio tolkunlaryny alyp bilýändigi anyklandy.
Hytaý dünýäniň iň esasy bilim merkezleriniň biri bolmak üçin has köp maýa goýum özleşdirýär. Ýurt ylym-bilime maýa goýum goýmakda we ylmy makalalary taýýarlamakda ABŞ-dan soňra ikinji ýerde durýar. Radioteleskoplar elektromagnit tolkunlary kabul edip bilýän antennalardan ybarat bolýar. Hytaý 2020-nji ýylda Marsa kosmonawt ugratmagy maksat edinýär.