Soň­ky wagt­lar­da el te­le­fon­la­ry­dyr öý ho­ja­lyk en­jam­la­ry­nyň “akyl­ly” gör­nüş­le­ri has-da kö­pe­lip baş­la­dy. “Akyl­ly” en­jam­la­ryň ha­ta­ry­na “Lu­De­la” at­ly şem hem go­şul­dy. Smart­fon ar­ka­ly do­lan­dy­ryp bol­ýan şem howp­suz bol­ma­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýä­de il­kin­ji ge­zek ula­ny­lan “Wi­Fi­re” (ge­çi­ri­ji­siz ot) teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Lu­De­la”-ny mo­bil app­li­ka­si­ýa­sy ar­ka­ly ýa­kyp ýa-da öçü­rip bol­ýar.
“Lu­De­la”-nyň için­de ada­ty şem bar. Ýö­ne için­de sa­pak ýok. Onuň de­re­gi­ne ýan­ma­gy üp­jün ed­ýän baş­ga mad­da bar. Ön­dü­ri­ji şe­re­ke­tiň ýol­baş­çy­sy Ja­mie Bi­an­çi­ni şe­miň ysy­nyň, ýaý­rad­ýan yşy­gy­nyň ada­ty şem­ler­den ta­pa­wut­syz­dy­gy­ny aýd­ýar. Onuň ha­çan sön­dü­ril­me­li­di­gi­ni öňün­den saz­lap bol­ýar. Onuň ýag­ty­ly­gy­nyň güýç­lü­li­gi­ni we ysy­ny hem üýt­get­mek müm­kin. Ol ýy­ky­lan ýag­da­ýyn­da öz-özi öç­ýär. “Lu­De­la” “akyl­ly” şe­miň ba­ha­sy 99 dol­lar. Ony öňün­den sar­gyt edip, 2017-nji ýy­lyň baş­la­ryn­da alyp bo­lar.