“Hon­da” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri­niň taý­ýar­lan “S-Dream Stream­li­ner” mo­de­li ABŞ-nyň Ýu­ta şta­tyn­da ge­çi­ri­len sy­nag­da “Bu­gat­ti Vey­ron”-dan hem ýo­ka­ry tiz­lik bi­len he­re­ket et­di. Mun­dan on ýyl ozal hem bu ýer­de ge­çi­ri­len sy­nag­da “Hon­da” ula­gy 400 ki­lo­metr tiz­li­ge çy­kyp­dy. Bu ge­zek­ki sy­nag­da ula­ny­lan ulag­da 3 si­lindr­li, 600 CC göw­rüm­li he­re­ket­len­di­ri­ji bar. “Hon­da S-Dream Stream­li­ner” at­ly ulag 421,446 km/s tiz­li­ge ýe­tip, bu ugur­da­ky re­kor­dy hem tä­ze­le­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­de onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len bir ha­tar­da daş­ky ga­ba­ra­sy­nyň ae­ro­di­na­mik gur­lu­şy­nyň üýt­ge­dil­me­gi­niň hem peý­da­sy bol­dy. Şeý­le hem ula­gyň ga­ba­ra­sy has ýe­ňil ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lyp, onuň ag­ra­my azal­dyl­dy. Hä­zi­re çen­li tiz­lik re­kor­dy 16,4 litr­lik mo­to­ry bo­lan “Bu­gat­ti Vey­ron”-a de­giş­li­di. Onuň tiz­li­gi sa­gat­da 407 ki­lo­met­re ýe­tip­di.