“Toyota” kompaniýasynyň iň şowly modelleriniň biri bolan “Supra”-nyň täzelenen görnüşi çykarylar. Ilkinji “Toyota Supra” 1978-nji ýylda döredilen “Celica” modeliniň kämilleşdirilen görnüşi hökmünde 1986-njy ýylda döredildi. Ol häzirki modelleriň köpüsinden hem ýokary tehnologiýa aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Indi bolsa, ýapon şereketi “Supra”-ny müşderilerine ýetirmegi maksat edinýär. Häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan täze nesil “Supra”-nyň 2018-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.