“Aerovelo Eta” atly adaty bolmadyk welosiped adamyň güýji bilen hereket edýär. Daşky gabarasy ýumurtga çalym edýän welosiped 144,17 km/s tizlige ýetip rekord goýdy. Ulag “World Human Powered Speed Challenge” ýaryşyna gatnaşdy. Ony taýýarlan inženerler indiki ýyl has kämil welosipedi döretmegi maksat edinýärler.