“Volkswagen” kompaniýasynyň 1-16-njy oktýabr aralygynda Parižde geçiriljek awtoulag sergisinde görkezjek elektroulagy “BMW i3” we “Tesla M3”-e meňzeýär. Ulagyň 2019-njy ýylda öndürilip başlanmagyna garaşylýar. “VW Group” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Mattias Müller gysga wagt ozal, metbugata beren beýanatynda ulagyň bir gezekki zarýad bilen 400-480 kilometr geçjekdigini aýdypdy. Onuň batareýasynyň 15 minutda 80 göterime çenli dolýandygy aýdylýar. Nemes kompaniýasynyň elektroulag taslamasynyň ýolbaşçysy Kristian Senger täze ulagyň häzirki wagtda satuwdaky elektromobillerine meňzeş boljakdygyny aýdýar.