Eýýäm, indiki ýylyň güýzünde okyjylar dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Frensis Skott Fisjeraldyň (1896—1940) ozal neşir edilmedik hekaýalary we beýleki eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Ýygyndy “Simon&Schuster” neşirýatynda çapa taýýarlanylýar. Ýazyjynyň diri wagty beýleki neşirýatlar bilen arasyny sazlamanlygynyň sebäbi juda täsin. Fisjerald özüniň meşhur romanlary “Mähirli gije”, “Beýik Getsbi” hem-de beýleki eserlerinde üýtgeşik usuly ýüze çykaran eken. Emma ýazyjynyň özüne üstünlik getiren usulyýetden uzaklaşmagy şol döwrüň neşirýatçylarynyň nägileligine sebäp bolupdyr. Fisjerald olaryň talaplaryndan ýüz dönderipdir we golýazmalaryny öz şahsy arhiwinde goýupdyr. Indi bu eserleriň ýazylan wagtyndan 80 ýyl geçenden soňra, okyjylar ahyrsoňy Fisjeralda haýsy usulyň golaý bolandygyna we şol döwrüň neşirýatçylaryny nämäniň kanagatlandyrmandygyna göz ýetirerler.