Joan Roulingiň romanlaryna syýahaty wada berýän sergi, 2017-nji ýylda Londonda guralar. Bu barada “The Guardian” gazeti habar berýär. Bu sergi “Garri Potter we pelsepe daşy” atly jadygöý oglanjyk baradaky ilkinji romanyň çykan wagtynyň 20 ýyllygyna gabat getirilýär.
Britan kitaphanasynyň gurajak sergisinde goýuljak zatlaryň arasynda, ýazyjy zenanyň şahsy arhiwinden we Potterleri çap eden “Bloomsbury” neşirýatynyň materiallary, jadygöýlik we alhimiýa baradaky kitaplar, hyýaly mahluklar baradaky gadymy golýazmalar we beýleki zatlar bar. Bu sergi 2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açylyp, 2018-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli dowam eder. Ýaş jadygöý Garri Potter baradaky kitaplaryň seriýasynyň häzirki wagta çenli 500 million nusgasy satyldy. Roulingiň romanlary 67 dile terjime edildi. Ähli kitap seriýalary ekranlaşdyryldy. Golaýda bu kitaplaryň üstüne sekizinjisi goşulyp, onuň pýesasy Londonda sahnalaşdyryldy. Pýesa Roulingiň gatnaşmagynda Jek Torn tarapyndan ýazyldy.