Jorj Martiniň “Buzlaryň we ataşlaryň aýdymy” diýen umumy ady bolan nobatdaky romany “Gyşyň ýeli” diýlip atlandyrylýar. Ol geljek ýylyň baharynda kitap dükanlarynyň tekjelerinde peýda bolar. Martin eseriniň altynjy bölüminiň peýda bolmagyna şübhelenmesiniň sebäbini özüni zor bilen ýazmaga mejbur etmeýändigi, tersine, ylhamynyň joşaryna garaşýandygy bilen düşündirdi. Mundan başga-da, ýazyjy okyjylar dünýäsine “Ýeliň” üstündäki işlerini eýýäm, tamamlandygyny, ýöne bu hakda dymyp gezendigini habar berdi. Täze romanyň peýda bolmagyna kinematografiýaçylar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, çünki, ozalky seriýalaýyn romanlary esasynda, “Tagtlaryň oýny” atly seriýalaýyn filmi surata düşürilipdi.