Gök çaý ýadawlygy aýyrýar, stresiň derejesini peseldýär we adamyň akyl ukybyna oňaýly täsirini ýetirýär. Gollandiýaly barlag geçirijiler şunuň ýaly netijä geldiler. Olaryň barlaglaryna 50 adam gatnaşdy diýip, «VistaNews» ýazýar.
Gök çaýyň kömegi bilen adamyň akyl ukybynyň gowulaşýandygyny alymlar ýüze çykardylar. Mundan başgada çaý synaga gatnaşyjylary ýadawlykdan we stresden halas edipdir. Hünärmenleriň pikirine görä, syr gök çaýyň düzümindäki kofeinde we L-tianindedir. Barlag geçirijiler gök çaýyň başga-da peýdaly häsiýetleri özünde jemleýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, ol süňkleri berkidýär, ýürek–damar, düwnük, süýjükesel we Parkinson keselleriniň howpuny aradan aýyrýar.