Germaniýanyň Şaht-Audorf şäheriniň ýaşaýjysy Frenk Doz 940 kilogram agramly welosiped döredip, basym onuň agramyny 1,2 tonna ýetirmegi niýet edinýär. Ozalky rekord 860 kilogram agramly welosipedi ýasan belgiýaly Jeffy Piterse degişlidir. Ýöne Germaniýaly ýük maşynynyň 49 ýaşly sürüjisi has agramly transport serişdesini ýasamagyň hötdesinden geldi. Welosipediň ramasyny we esasy ätiýaçlyklaryny metal böleklerinden kebşirledi, bir ýarym metrlik ägirt uly tigri bolsa, oba hojalyk tehnikasyndan alyp oturtdy. Ol welosipedi taslamaga we ýygnamaga bir ýyl wagtyny sarp etdi. Eger-de, ol welosipedi 1200 kilogram agrama ýetirip bilse, “Dünýäniň iň agyr welosipedi” diýen rekordy goýar we onuň bilen 200 metre çenli ýoly geçip görkezmeli bolar.
Şonuň ýaly hem golaýda Awstraliýada dünýäniň iň uzyn welosipedini ýasadylar. Ony Adelaidyň talyp inženerleri oýlap tapdylar. 20 adama niýetlenen welosipediň uzynlygy 41 metre barabar. Geň ýeri, şeýle uzyn welosipediň iki tigri bolup, onuň iň esasy kynçylygy deňagramlygy saklamak bolup durýar.