Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2016-njy ýyl Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip, yglan edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda bütindünýä mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işler geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy-medeni goraghanalarynyň üçüsiniň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galasy bar. Bulardan başga-da, dünýäde ilkinji ekerançylyk ýerleri bolan Jeýtun, Änew, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly ilatly ýerler, Bezeglidepäniň gaýa çekilen suratlary, Abiwerdde, Sarahsda, Amyderýanyň kenarlarynda hem-de Köpetdagyň jülgesinde, gadymy Uzboýuň ugrunda hem-de Sarygamyş kölüniň hanasynda uzak geçmişiň binagärlik toplumlary we aýry-aýry desgalary Türkmenistanyň medeni mirasynyň sanawyna girýär. Häzir ýurdumyzyň çäginde şeýle goraghanalaryň 8-si bar. Olar has ähmiýetli arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň jemlenen ýerlerinde döredildi.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda hem-de Köneürgençde “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara maslahatynyň çagyrylmagy hem tötänden däldir. Alymlaryň bu duşuşygyna gatnaşmak üçin döwletleriň 37-sinden – arheologlar, taryhçylar, medeniýeti we sungaty öwrenijiler hem-de antropologlar, ylmy işgärler, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmegiň hem-de hereket etmeginiň ugurlary bilen baglanyşykly pudaklaryň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar. Forum dünýä derejeli barlagçylary birleşdirdi. Olaryň köpüsi türkmen kärdeşleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň maddy hem-de ruhy medeniýetiniň täsin ýadygärliklerini öwrenmäge hem-de saklamaga örän işjeň gatnaşýarlar.
“Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi 2015-nji ýylyň ýene-de bir wajyp wakalarynyň biri boldy. Bu Kanun mundan beýläk hem türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, ol şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Milli maddy däl medeni miras diýlip, türkmen jemgyýetiniň etniki, sosial ýa-da konfessional toparlaryna mahsus bolan ruhy gymmatlyklarynyň jemine düşünilýär. Olar estetik, sosial-medeni, taryhy we başga nukdaýnazarlardan türkmen halkynyň milli-medeni özboluşlylygyny aýawly saklamak, ösdürmek üçin ähmiýeti bolan gymmatlykdyr. Täze Kanunda özboluşlylygyň haýsy ýerlerde ýüze çykýandygy anyk kesgitlendi. Bular maddy däl medeni mirasy göteriji hökmünde dili hem goşmak arkaly, dil üsti bilen aňlatmagyň däpleri we görnüşleri, ýerine ýetirijilik sungatlary, dessurlar, baýramçylyklar, adaty kesp-kärler, älem, tebigat bilen baglanyşykly endiklerdir, adatlardyr.
ÝUNESKO-nyň “Görogly” şadesanyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakynda kabul eden çözgüdi bu ugurda Türkmenistanyň gazanan uly üstünligi boldy. ÝUNESKO-nyň komitetiniň metbugat beýanatynda “Görogly” şadessanynyň ady rowaýata öwrülen gerçek Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň edermenliklerini beýan edýän dil üstünden gürrüň berilýän däplerdigi düşündirilýär.
Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza sarpa goýmak, ony ylmy taýdan düýpli öwrenmek babatynda alyp barýan syýasatynyň, onuň özgerdijilik ýörelgesiniň netijesi bolup durýar. Munuň özi türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýan milletleriň ählumumy hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Bu ýörelge köptaraply ylmy alyş-çalyşlary ösdürmäge ýardam edýär hem-de bilimleriň häzirki zaman ulgamy bilen ysnyşykly özara gatnaşykda milli medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.
Gülsere Kuşaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.