Ýaz we to­mus pas­lyn­da mi­we­le­riň äh­li gör­nü­şi di­ýen ýa­ly ýe­tiş­ýän hem bol­sa, kä­bir ir-iý­miş­ler­dir mi­we­ler güýz pas­lyn­da ha­syl ber­ýär. Be­ýi hem şeý­le mi­we­le­riň bi­ri­dir. Dü­zü­mi pro­tein, şe­ker, A, B2, B6, C, E we PP wi­ta­mi­nlere, de­mir, mis, ka­liý ýa­ly mi­ne­ral­la­ra baý bo­lan­soň, sag­ly­ga iň peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň to­hu­myn­da ýag we ka­liý bar. Ga­ty we gy­şa du­rum­ly bo­lan be­ýi ça­ga­la­ryň ka­da­ly ös­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Tüý­jü­mek ga­byk­ly mi­wä­niň gy­şa dur­nuk­ly bol­ma­gy­nyň ýö­ri­te se­bä­bi bar. Onuň dü­zü­min­dä­ki wi­ta­min­ler­dir mi­ne­ral­lar be­de­ni­mi­ziň gy­şy­na ta­lap ed­ýän zat­la­ry­dyr. Ol so­wuk­la­mak­dan sap­lan­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Mi­wä­niň por­tu­gal­ça ady «mar­me­lo». Mar­me­lad sö­zi hem beý­le­ki dil­le­re şu söz­den ge­çip­dir. Bu mi­we dün­ýä­niň kyrk­dan gow­rak ýur­dun­da ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ril­ýär. Esa­san, Tür­ki­ýe­de, Öz­be­gis­tan­da, Ar­gen­ti­na­da, Azer­baý­jan­da, Al­žir­de, Is­pa­ni­ýa­da we kä­bir Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da ekil­ýär.