Gara we gök çaý ýaly ak çaý hem şol bir ösümlikden alynýar. Ak çaý ösümliginiň ýapraklary entek doly ösmänkä, ýygnalyp alynýan hasylyndan öndürilýär. Çaý ösümliginiň ter ýapraklarynda maýdaja ak tüýjagazlar bolýar. Ak çaýyň tagamy hem başgaça bolýar. Içimligiň bu görnüşi dürli keselleriň öňüni alýandygy bilen tapawutlanýar. Düzüminde köp mukdarda keratin bolansoň, ol gan damarlaryny giňeldip, basyşy peseldýär. Bu bolsa, ýürek-damar saglygy üçin uly ähmiýete eýedir. Ak çaýyň düzümindäki antioksidanlar bolsa, deriniň saglygy üçin uly ähmiýete eýedir.