Elektroulag öndürmegi bilen tanalýan “Tesla” kompaniýasy geljegiň energiýasyny öndürmek üçin anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Amerikan kompaniýasy “Panasonic” bilen bilelikde Gün panellerini öndürer. Elon Muskuň ýolbaşçylyk edýän amerikan şereketi dürli ugurlarda iş alyp barýar. “Tesla” awtoulag senagaty bilen bir hatarda batareýa tehnologiýalaryny (“Powerwall”) we alnan energiýanyň saklanmagy bilen bagly (“Powerpack”) täze tehnologiýalary kämilleşdirýär. Ýapon we amerikan kompaniýalarynyň amala aşyrjak bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Newada ştatyndaky desgada batareýa öndüriler. Taslamanyň çäklerinde häzirkilerden has netijeli işleýän Gün panelleriniň öndürilmegi hem göz öňünde tutulýar. Hyzmatdaşlygyň iň esasy bölegini bolsa, Demirgazyk Amerikanyň Gün panellerini öndürýän iň uly zawody “SolarCity” eýeleýär. “Panasonic” şol birwagtyň özünde “Tesla Model 3” we “Jaguar”-yň “Formula E” modeli üçin batareýalaryň üpjünçiligini hem amala aşyrýar.
Awtoulag satuwy ýokarlanýar
Diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Tesla” kompaniýasynyň satuwynyň ýokarlanýandygy habar berildi. Kompaniýa 2016-njy ýylyň üçünji çärýeginde önümçiligini 70 göterim ýokarlandyryp, 24 müň 500-e ýetipdir. Ikinji çärýekde bu görkeziji 14 müň 402 bolan eken. Üçünji çärýekde öndürilen ulaglaryň 15 müň 800-sini “Model S”, 8 müň 700-sini “Model X” ulaglary emele getirýär. Kompaniýa golaýda “Model S”-iň sagatda 100 km/s-a 2,5 sekuntda ýetýän görnüşini hem tanyşdyrypdy. Şereket entek önümçilige goýberilmedik ulaglaryny öňünden sargyt eden we belli bir bölegini tölän müşderilerine ony has ir eltip berýär. Häzirki wagtda kompaniýa dürli modeldäki ulaglaryndan 400 müň sanysy sargyt edilipdir.