Döredilen gününden bäri diňe öňdebaryjy tehnologiýa üns berýän “Apple” kompaniýasy klawiaturalaryň has döwrebap usulyny işläp taýýarlady. Täze klawiaturada elektron syýa tehnologiýasy bar. Ýagny onuň düwmeleri ulanylýan kompýuter programmasyna görä üýtgeýär. Aýdaly “Photoshop”-da surat işlerini edýän bolsaň, onda onuň düwmelerinde şoňa degişli harplar we beýleki nyşanlar peýda bolýar. Ýa-da bolmasa, “word”-da hat ýazyp otyrsyň diýeli. Onda harpyň görnüşini üýtgetmäge, tekstiň düşeginiň reňkini çalyşmaga degişli funksiýalar düwmelerde peýda bolýar. “Apple” bu tehnologiýany durmuşa ornaşdyrmak üçin “Sonder” atly şereket bilen hyzmatdaşlyk edýär. “Sonder” häzirki wagtda bu klawişany internet arkaly 199 dollardan satuwa çykardy. “Apple” bolsa bu klawişany mundan soňraky “Mac” we “MacBook” modellerinde ulanmagy maksat edinýär.