Döredilenine bir asyr bolan BMW kompaniýasy mundan ozal, “BMW Vision Next 100”, “Rolls Royce Vision Next 100” we “Mini Vision Next 100” atly geljegiň ulaglaryny öndürip, ony dünýäniň dürli ýerlerindäki awtoulag söýüjilere görkezipdi. Indi bolsa, kompaniýa “BMW Motorrad Vision Next 100” atly motosikl öndürdi. Ulagda esasan, ygtybarlylyga uly üns berlipdir. Ol şeýle bir ygtybarly edilip işlenip düzülipdir welin, onuň sürüjisiniň kaska geýmegine hem zerurlyk duýulmaz. Ony sürüji öz ussatlygyna görä, dürli görnüşli edip sürüp bilýär. Onuň hereket edýän mahaly ýykylmagynyň öňüni alýan ýörite ulgam taýýarlanypdyr. Aýlawly ýola gelnende, sürüji gereginden artykmaç gapdala gyşaran halatynda-da, ulag öz deňagramlylygyny awtomatik usulda saklaýar. Şeýle hem ulagyň aýlanmagy üçin gerek bolan artykmaç güýç awtomat ýagdaýda artdyrylýar. Şeýlelikde, ýokary tizlikde gidilende çylşyrymly aýlawly ýollarda ýüze çykyp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.