Hormatly Prezidentimiz möhüm döwlet işleriniň ummasyz köpdügine garamazdan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga-da, edebi we ylmy iş ýazmak bilen meşgullanmaga-da wagt tapýar. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda özüniň ýene bir täze kitabyny halkymyza sowgat etdi.
Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza sowgat eden “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň şanly toýuň bosagasynda “Türkmenistan” atly eserini ýazyp gutarmagy ildeşlerimize ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Bu eserde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň dowamynda mähriban halkymyzyň bitiren asyrlara barabar işleri beýan edilýär.
Milli Liderimiziň: “Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde berkarar Watanymyzyň gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri mähriban halkymyza we dünýä bileleşigine giňden ýetirilmelidir“ diýip, belleýşi ýaly, täze kitapda halkymyzyň başdan geçirýän buýsançly pursatlaryndan we gazanýan üstünliklerinden söhbet açylýar.
Täze kitabyň sahypalarynda Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň esasy tapgyrlary, bu ugurda ýeten derejesi we gazanan üstünlikleri, özygtyýarlylygyna eýe bolan ýaş döwletiň syýasatynyň oňyn ugry we ynsanperwerlik ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri arkaly Türkmenistan täze belentliklere tarap ynamly gadam urmak bilen parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde belent abraýa eýe boldy.
“Türkmenistan” atly eseriň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyza ýetirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň şu günlerde täze kitabyny ýazyp gutarmagynyň çuňňur manysy bardyr. Şonuň üçin milli Liderimiziň ylhamynyň hemişe joşgunly bolmagyny we ähli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini dileg edýäris!
Miwe Baýramowa,
Ahal welaýat kitaphanasynyň
bölüm müdiri.