1-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sa­pa­ry bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň So­çi şä­he­ri­ne ug­ra­dy we ol ýer­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry söw­da-yk­dy­sa­dy, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk we oba ho­ja­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ösü­şi­niň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ho­şal­lyk bil­di­rip, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki çyl­şy­rym­ly ýag­da­ýa ga­ra­maz­dan, iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň art­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 2015-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­dan Rus­si­ýa im­por­tuň möç­be­ri iki es­se art­dy di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Li­de­ri aýt­dy we şu­nuň bi­len bir­lik­de üs­tün­de iş­le­me­li me­se­le­le­riň bar­dy­gy­ny we ola­ryň şu gün­ki du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­men Li­de­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy hem-de mä­hir­li ka­bul eden­di­gi üçin rus­si­ýa­ly kär­de­şi­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­ny we Rus­si­ýa­ny öň­den gel­ýän dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­ti­ni Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge hem-de şu ýy­lyň 26-27-nji no­ýab­ryn­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­ha­ta gat­naş­ma­ga ça­gyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar se­bi­tin­de giň ge­ri­me eýe bol­ýan ulag dü­zü­mi­niň bar­dy­gy ba­ra­da aý­dyp, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň bu we­kil­çi­lik­li fo­ru­ma gat­naş­ma­gy­nyň di­ňe bir Or­ta Azi­ýa­da däl, eý­sem, yk­lym möç­be­rin­de hem ulag ge­çel­ge­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz köp ugur­la­ry – ylym, bi­lim we me­de­ni­ýet, sport hem-de sy­ýa­hat­çy­lyk ul­gam­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­läp, Aş­ga­bat­da­ky be­ýik rus şa­hy­ry A.S.Puş­ki­niň ady­ny gö­ter­ýän Türk­men-rus umu­my bi­lim ber­ýän mek­de­bi mu­ňa aý­dyň my­sal hök­mün­de gör­kez­di. Rus­si­ýa­da bi­lim al­ma­ga is­leg bil­dir­ýän ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň sa­ny dur­nuk­ly art­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Rus­si­ýa­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­nyň 17 mü­ňe go­la­ýy bi­lim al­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Türk­me­nis­tan­da or­ta okuw mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry rus di­li­ni öw­ren­ýär we oňa uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär.
Şeý­le hem ta­rap­lar se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Pre­zi­dent­ler ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň je­mi­ni jem­läp, şu gün­ki du­şu­şy­gyň hem-de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň stra­te­gi­ki we do­ly möç­ber­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan hem-de anyk ne­ti­je­le­re gö­nük­di­ri­len, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. Hoş­la­şan­la­ryn­da, Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­tu­tan­la­ry bi­rek-bi­re­ge hem-de iki ýur­duň halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.