“The TeCake” neşiriniň ýazmagyna görä, her günde gara şokoladyň iýilmegi ýürek-damar ulgamyny kadalaşdyrýar. Muny 1139 adamyň maglumatlaryny öz içine alýan 19 sany aýry barlagyň netijeleri belli etdi. Bilermenleri flawonollara baý bolan gara şokoladyň saglyga peýdasy gyzyklandyrdy. Barlagyň ähli gatnaşyjylaryny iki topara böldüler. Birinji topar gara şokolad iýipdir, ikinjisi bolsa, hiç hili şokolad datmandyr. Netijede, şokoladyň düzümindäki flawonollar damarlaryň ýagdaýyna oňaýly täsir edip, bolaýmagy mümkin bolan süýjükeselden we ýürek kesellerinden gorapdyr. Gara şokolad trigliseridleriň derejesini pese düşüripdir, insuline bolan duýgurlygyny artdyrypdyr we ulgamlaýyn sowuklama bilen göreşipdir. Her günde 200-600 milligram flawonollaryň ulanylmagy oňat netijäni beripdir. Ýöne alymlar bu diňe gara şokolad iýlen halatynda zerur netijäni berýär diýip aýdýarlar.