25-nji mart­da ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de baş­lan awtoulag ser­gisi do­wam ed­ýär. Bu ýer­de daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz, “akyl­ly” we tyg­şyt­ly ulag­la­ryň ag­dyk­ly­gy ün­si özü­ne çek­ýär. 116-njy ge­zek ge­çi­ril­ýän ser­gi­de kom­pa­ni­ýa­la­ryň gib­rid ulag­lar üçin has köp ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Ýan­gy­jy tyg­şyt­ly sarp ed­ýän­, ulan­mak üçin edil­ýän çyk­dy­jy­la­ry az we ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­ýän ulag­lar bu ýe­re ge­len myh­man­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ser­gä “Acura mdx F/L”, “Al­fa Ro­meo Giu­lia”, “Alp­hi­ne B7 xDrive”, “Audi R8 Spy­der”, “Bmw 330e iPer­for­mance”, “Bmw xDrive M760Li”, “Buick Encore F/L”, “Cadil­lac ATS&CTS Black Chro­me”, “Chevy Cama­ro 50th Ann”, “Chevro­let Cru­ze 5d”, “Chevy Colo­ra­do Sho­re­li­ne”, “Chrys­ler 300S Sport Ap­pea­rance”, “Dod­ge Go Man­go”, “Fi­at 124 Spi­der Abarth”, “Ford Shel­by GT-H”, “GMC Ter­ra­in Night­fall Edi­ti­on”, “Hon­da Cla­ri­ty FCV US-Spec”, “Hy­un­dai Ioniq”, “In­fi­ni­ti QX70 Li­mi­ted”, “Ja­gu­ar F-Ty­pe SVR”, “Je­ep Grand Che­ro­kee Trail­hawk”, “Kia Caden­za”, “Lexus LC500h”, “Ma­se­ra­ti Levan­te”, “Maz­da MX-5 RF”, “Mercedes CLA F/L”, “Mercedes AMG C63 Cab­rio”, “Mi­ni Club­man All4”, “Mit­su­bis­hi Out­lan­der Phev”, “Nis­san GT-R F/L”, “Porsche 911 R”, “Ran­ge Rover Evoque Conver­tib­le”, “Su­ba­ru Imp­re­za”, “Toyo­ta GT86”, “Toyo­ta High­lan­der F/L”, “Toyo­ta Pi­rus Pri­me Phev”, “Volvo XC90 Excel­lence” ýa­ly mo­del­ler ge­ti­ri­lip­dir.

Tyg­şyt­ly, yg­ty­bar­ly we “akyl­ly”
Soň­ky ýyl­lar­da aw­tou­lag­lar di­ňe kuw­wat­ly ýa-da ýan­gyç­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ma­ýar. Ola­ryň içi­ne gi­ri­len­de, sü­rü­ji we beý­le­ki ýo­lag­çy­lar üçin has köp ýe­ňil­li­giň dö­re­di­len­di­gi­ni duý­mak bol­ýar. Soň­ky ulag­la­ryň äh­li­si di­ýen ýa­ly güý­men­je-mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edi­lip­dir. Şeý­le hem ola­ra de­giş­li köp za­dy uzak­dan do­lan­dy­ryp bol­ýar. Aý­da­ly, ir­den tur­du­ňyz, ho­wa ys­sy ýa-da so­wuk. Ula­gyň içi­niň ho­wa­sy­nyň nä­hi­li bol­malydy­gy­ny öňün­den onuň ýa­ny­na bar­man saz­lap bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da tä­ze mo­del­ler sü­rü­ji­niň säw­li­gi ze­rar­ly ýü­ze çy­kyp bil­jek he­läk­çi­lik­le­riň öňü­ni al­ma­ga uly ýar­dam ed­ýär. Ulag­la­ryň kö­pü­si sü­rü­ji­niň ses­li buý­ruk­la­ry­ny hem ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär. Soň­ky aw­to­mo­bil­ler öňün­den çy­kan haý­sy­dyr bir py­ýa­da­ny ýa-da ji­si­mi hem aňyp, sü­rü­jä ha­bar be­rip, ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da, tiz­li­gi­ni pe­sel­dip ýa-da du­rup hem bil­ýär. Bu ulag­lar has yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Nus­ga­lyk mo­del­ler gör­ke­zil­di
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de kom­pa­ni­ýa­lar şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da we in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­da sa­tu­wa çy­karyl­jak mo­del­le­ri­ni hem hö­dür­le­di­ler. Ser­gi­niň il­kin­ji iki gü­nün­de 50 kom­pa­ni­ýa öz­le­ri­niň in­di­ki ýyl­ky mo­del­le­ri­ni žur­na­lis­tle­re gör­kez­di.
Ser­gi­de has reňk­li we daş­ky şe­ki­li has üýt­ge­şik ulag­lar bar. Gün­de 100 ki­lo­metr­den az ýol geç­ýän­ler üçin bol­sa, elekt­ro­mo­bil­le­riň has köp gör­nü­şi hö­dür­le­n­ýär. Ola­ryň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy öý şert­le­rin­de zar­ýad be­rip bol­ýan­ly­gy­dyr. Köp ýurt­da şeý­le ulag­la­ra be­ril­ýän ýe­ňil­lik ola­ra bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny has hem art­dyr­ýar.
Ertir ta­mam­lan­ýan ser­gä je­mi bir mil­li­on myh­ma­nyň ba­ryp gör­jek­di­gi aý­dyl­ýar.