Türkmenistan milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda parahatçylygy goramak, dost-doganlyga esaslanýan goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde sebitler we yklymlar arasynda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp ugrady.
Goňşa sarpa goýmak türkmen halkynyň ata-baba gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülleýän, gül açýan gözel ýurdumyzyň döwlet syýasatynda goňşy döwletler bilen parahatçylykly halkara gatnaşyklar aýdyň beýanyny tapýar. Goňşy döwletler bilen agzybirlikde hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzyň indi ençeme ýyllaryň dowamynda sebitde özüniň durnukly syýasatyny ýöredýän ýurda, Orta Aziýada ylalaşdyryjy merkeze öwrülmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistan milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda parahatçylygy goramak, dost-doganlyga esaslanýan goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde sebitler we yklymlar arasynda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp ugrady. Goňşy Owganystanyň Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda saglyk öýüniň, Balh welaýatynyň Şordepe etrabynyň Hazara-Tokaý obasynda 400 orunlyk mekdebiň, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň gurulmagy ýaly haýyrly işler ýurt Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasatynyň miweleri hökmünde dünýä taryhyna ýazyldy.
Milli Liderimiz bilim ulgamynda hem goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär. Bu gatnaşyklar goňşy ýurtlarda ýaşaýan hyjuwly ýaşlaryň Türkmenistanda okamaga, bilim almaga bolan islegini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 7-nji oktýabrynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2016—2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran Buýrugy bilen tassyklanan, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary, Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna, 2016-2017-nji okuw ýylynda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan Owganystan Yslam Respublikasynyň 26 raýatyny, şol sanda, 10 raýatyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine, 5 raýatyny Türkmen oba hojalyk institutyna, 10 raýatyny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna, 1 raýatyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tölegsiz esasda kabul etmäge ygtyýar bermegi aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda hem aýdyň şöhlelenýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň çäginden dünýäde uzynlygy we ýyllyk kuwwaty boýunça deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan–Hytaý transmilli gaz geçirijisi işe girizildi. “Asyryň desgasy” adyny alan bu gaz geçiriji magistralyň sebitiň döwletleriniň dördüsiniň: Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň çäginden geçmegi ýurdumyzyň goňşuçylyk gatnaşyklaryny halkara derejesinde ýygjamlaşdyrmaga örän uly üns berýändigini görkezýär.
Sebitiň ýene-de bir iri taslamalarynyň biri – Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan halkara gaz geçirijisidir. Bu gaz geçirijiniň goňşy döwletler bilen bir hatarda, uzak ýerlerdäki ýurtlaryň-da durmuş-ýaşaýyş şertleriniň özgermeginde uly ähmiýetiniň boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýurdumyzyň hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan şeýle işleriň hatarynda Döwletabat–Sarahs–Hangeran gaz geçirijisini hem ýatlap geçmek bolar.
Halkymyzyň goňşuçylyk gatnaşyklary medeni ulgamda hem äşgär görünýär. Her ýylda ýurdumyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”giňden bellenilýän Milli bahar baýramyna goňşy we dünýä ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagy, Dünýä ýurtlarynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleriniň sanawynda goňşy ýurtlaryň aýratyn orny eýelemegi, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy we dünýä ýurtlarynda geçirýän Medeniýet günleri muny aýdyň şöhlelendirýär.
Biziň ata-babalarymyz: “Goňşy-goňşynyň hem görki, hem erki”, “Goňşy goňşudan görk alar”, “Goňşy goňşynyň aýnasy”, “Goňşy halyny goňşy biler”, “Kyýamat güni goňşudan”, “Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa”, “Donumyň syny goňşymyňky” ýaly ençeme nakyllardyr atalar sözlerini döredipdirler. “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn” diýen parasatly pähimi döreden pederlerimiz hemişe il-gün, goňşy-golam bilen jebis gatnaşykda bolupdyr. “Gel, okaram, git, okaram, gelmeseň, gitmeseň, orta ýolda döwül okaram!” diýen ýörelgäni özüniň hemişelik ýörelgesine öwren milletimiz ata-baba miras galan bu däpleri nesilme-nesil, arkama-arka dowam etdiripdirler. Goý, beýik ynsanperwerlikden gözbaş alýan gözel ilimiziň toýlary hemişe toýlara ulaşsyn! Bu işleriň sakasynda duran mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gurbanmuhammet MÖJEKOW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.