“Ericsson” kompaniýasy dünýäde telefon ulanyjylaryň sany barada täze maglumat taýýarlady. Şu ýylyň üçünji çärýegini öz içine alýan “Mobilite” atly maglumatda mobil aragatnaşygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada çaklamalar bar. Onda mobil enjamlaryny ulanyjylaryň sanynyň ilat sanyndan köpdügi aýdylýar. Sebäbi köp adamda birden artyk mobil enjamy bar. Degişli döwürde dünýäde telefon abunaçylarynyň sany geçen ýylkydan 3 göterim artyp, 7,5 milliarda ýetipdir. Iki simkartly telefonlary ulanyjylary hasaba almasaň, dünýäde 5,1 milliard adamda el telefony bar. Köp adam has kän mümkinçilikden peýdalanmak üçin birden artyk aragatnaşyk kärhanasynyň abunaçysy bolýar.
Mobil abunaçylarynyň sany şu ýylyň üçünji çärýeginde iň köp Hindistanda artypdyr. Ýurtda 15 milliondan gowrak täze ulanyjy peýda bolupdyr. Bu görkeziji Hytaýda 14 milliona, Indoneziýada 6 milliona ýetipdir. Mýanmada we Filippinlerde bolsa, 4 million täze abunaçy peýda bolupdyr.
Şeýle hem maglumatda ýokary tizlikli internet ulanyjylarynyň sanynyň hem barha artýandygy aýdylýar. 4G (LTE) abunaçylarynyň sany ýylyň üçünji çärýeginde 160 million köpelip, 1,5 milliarda ýetipdir.
Degişli döwürde smartfonlaryň sany telefonlaryň umumy mukdarynyň 55 göterimini emele getirendigi habar berildi. Şeýlelikde, “akylly” telefonlaryň sany ilkinji gezek adaty telefonlardan köp boldy. Üçünji çärýekde satylan telefonlaryň 80 göterimini smartfonlar emele getiripdir.