Dün­ýä bel­li iň­lis fan­tas­t ýazyjysy, yl­my fan­tas­ti­ka­nyň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri Ger­bart Uel­lsiň (1866-1946) nä­bel­li ese­ri tapyldy. “Strand” žurnalynyň re­dak­to­ry Endr­ýu Gul­lin ýa­zy­jy­nyň Il­li­noýs uni­wer­si­te­tin­dä­ki ar­hiw­le­ri­ni öw­re­nip ýör­kä, onuň “Ruh­ly üçek” at­ly golýazmasynyň üstünden bardy. Sel­je­riş­ler­den soň­ra bu nowellanyň XIX asy­ryň 90-njy ýyl­la­ryn­da dö­re­di­lendigi anyklandy. Şol ýyl­lar­da onuň iň meş­hur ro­ma­ny “Wagt ma­şy­ny” ne­şir edil­ýär. “Strand” ne­şi­ri eý­ýäm, ýazyjynyň mis­ti­ka ýug­ru­lan tä­ze he­ka­ýasy­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di.
Şol döwürde fan­tas­ti­ki he­kaý­ala­ry­nyň we ro­man­la­ry­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da köp san­ly gu­ral­la­ra, en­jam­la­ra we ge­le­je­giň när­se­le­ri­ne jan be­ren Ger­bart Uell­siň eser­le­ri ha­ky­ky tä­ze­lik bo­lup­dy. XIX asy­ryň ýa­zy­jy­sy ba­tyr­gaý teh­no­lo­gik çak­la­ma­la­ryn­dan baş­ga-da, şo­lar­syz hä­zir­ki mad­dy me­de­ni­ýe­ti as­la göz öňü­ne ge­ti­rip bol­ma­ýan ge­le­jek­dä­ki zat­la­ryň tym­sa­ly­ny dö­ret­mä­ge gi­ri­şip­dir. Şu gün onuň göz öňü­ne ge­tir­me­le­ri­niň 80 gö­te­ri­mi ama­la aş­dy. Şeý­le hem Uell­siň tos­la­ma­la­ry­nyň 60 gö­te­ri­mi do­ly ta­kyk­lyk­da dur­mu­şa geç­di. Hut şol asyr­da oňa tos­lap ta­py­jy­la­ryň ara­syn­da bu ugur­da ýe­ňi­ji bol­mak ba­şar­dyp­dyr.
1895-nji ýyl­da Uells ta­ra­pyn­dan tos­la­nyp ta­py­lan “Wagt ma­şy­ny” we “Gö­ze gö­rün­me­ýän adam” hä­zir­ki wag­ta çen­li, me­ge­rem, iň ba­tyr­gaý we has az oý­lap ta­py­lan när­se bol­ma­gyn­da gal­ýan bol­sa ge­rek. Em­ma we­lin baş­ga bir ta­rap­dan, olar üçin he­niz amat­ly pur­sadyň ge­lip ýet­me­dik bol­ma­gy äh­ti­mal­dyr. XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da çak­laň te­le­wi­zor­la­ra, özi açy­lyp-ýa­pyl­ýan ga­py­la­ra we la­zer şöh­le­le­ri­ne hiç kim ynan­ma­ýar­dy ahy­ryn.
Ýa­zy­jy teh­ni­ka­da bol­şy ýa­ly luk­man­çy­lyk­da hem uly üs­tün­lik bi­len açyş edip­dir. Me­se­lem, ol “Pa­ra­hat­çy­lyk” at­ly ese­rin­de ga­na gös-gö­ni iý­mit­len­di­ri­ji mad­da goý­ber­me­gi tos­lap ta­pyp­dyr. Şeý­le hem bu ro­man­da ýa­zy­jy bio­lo­gik we ýy­ly­lyk şöh­le­le­ri­niň (la­ze­riň) il­kin­ji kon­sep­si­ýa­sy­ny be­ýan edip­dir. Hä­zir bu til­si­mat­lar ama­ly taý­dan dur­mu­şyň äh­li ugur­la­ryn­da ula­nyl­ýar. My­sal üçin, häzirki wagtda de­m­ri la­zer bi­len kes­mek we gö­züň gö­rü­ji­li­gi­ni go­wu­laş­dyr­mak hiç ki­mi geň gal­dyr­ma­ýar. “Azat edi­len dün­ýä­de” (1914) ha­ky­kat­dan hem, soň­ra oý­la­nyp ta­py­lan zat­lar be­ýan edil­ýär.
Hem­meta­rap­la­ýyn çak­la­ma­la­ryn­dan baş­ga-da, “Uku­da­ky­ny oýar­ma­syn­da” Uells es­ka­la­to­ry we elekt­ro­be­ke­di tos­lap ta­pyp­dyr. Ol soň­lu­gy bi­len, ge­le­jek­ki dur­mu­şyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan maý­da när­se­le­re hem üns be­rip­dir: ada­ty joýs­tik, aw­to jo­gap be­ri­ji, go­şa wi­deo (bir en­jam­da­ky te­le­wi­zor we wi­de­op­le­ýer) we beý­le­ki­ler onuň ga­la­myn­dan çy­kyp­dyr. Uells 1901-nji ýyl­da “Çak­la­ma” (“Me­ha­ni­ka­nyň we yl­myň adam dur­mu­şy­na tä­si­ri”) at­ly ki­ta­by­ny çy­ka­ryp, on­da ХХ asyr­da­ky şahsy dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp dü­züp­dir. Bu ha­ky­kat­dan-da, ýa­zy­jy­nyň gi­ňiş­le­ýin ese­ri bo­lup, öz pi­kir­le­ri­ni ju­da ba­tyr­gaý be­ýan ed­ýär, kä­ma­hal­lar hem düýp­gö­ter ge­lejek­ki adam­la­ry su­rat­lan­dyr­ýar. Üs­te­si­ne-de, onuň çak­la­ma­la­ry di­ňe bir teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösü­şi­ni däl, eý­sem, jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­ny, şä­her gur­lu­şy­gyny, de­mog­ra­fi­ýany, ma­ha­bat­lan­dyr­ma­la­ry, ulag ulgamyny, geo­po­lo­ti­kany we başgada köp ugurlary öz içine alýar. Şol dö­wür­de Uells­de dürli teh­no­lo­gik tä­ze­lik­le­r bilen bir hatarda, te­le­fon has uly ru­hu­be­lent­lik we güýç­li hö­wes dö­re­dip­dir. Hut şol ýyl­lar­da ol haý­ran gal­dy­ry­jy tä­ze­lik bo­lan ra­dio bil bag­lap­dyr.
“Ha­çan­-da, te­le­fon gi­ňiş­le­ýin ula­ny­lyp baş­lanan­da onuň ýar­da­my bi­len nä­me zat­la­ryň müm­kin bol­jak­dy­gy ha­kyn­da oý­la­nyp gö­rüň. Dü­kan­lar­da söw-söw sy­ryp ýör­mek bü­tin­leý ara­dan aý­ryl­ýar di­ýen ýa­ly: siz jaň ed­ýär­si­ňiz we si­ze Lon­don­dan ha­ma­la, 100 mil uzak­lyk­dan is­len­dik ha­ry­dy ug­rad­ýar­lar. Bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da si­ziň sar­gy­dy­ňyz öý­üňi­ze ge­ti­ril­ýär we ýa­ram­syz bo­lan ýag­da­ýyn­da, siz ony yzy­na ug­ra­dyp bil­ýär­si­ňiz. Trub­ka bi­len ýa­rag­la­nan eýe­si bol­sa, ýe­rin­den goz­gan­man, ýer­li üp­jün edi­ji­le­ri­ne, Lon­do­nyň äh­li iri dü­kan­la­ry­na, teatr kas­sa­la­ry­na, poç­ta edaralaryna , bir­ža­la­ry­na, luk­man­la­ry­na ho­ja­ýyn­çy­lyk eder…”
Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra şu­nuň ýa­ly ede­bi­ýat­lar has uly dep­gin bi­len ösüp baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, tä­ze til­si­mat­la­ryň ok­gun­ly ös­me­gi bi­len bir­lik­de, yl­my fan­tas­ti­ki ki­tap­lar hem giň meş­hur­lyk ga­za­nyp baş­la­ýar.