Mundan bu ýana taryhy eser “Genrih altynjynyň” awtory diňe Şekspir bolmaz. Halkara alymlar topary tarapyndan geçirilen birnäçe barlaglardan soňra, şeýle karara gelindi: dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy ýazyjysynyň eseriniň hakyky awtordaşy Kristofer Marlo (1564-1593) hasaplanýar.
Bu netije bu pýesanyň basym Oksfordda neşir ediljek nobatdaky neşirinde Şekspiriň ady bilen birlikde, Marlonyň hem adynyň goýulmagyna sebäp bolar. Bu megerem, britan nusgawy ýazyjysynyň pýesasyna degişli soňky düzediş däldir. Şekspiriň eserlerini barlamaga 23 döwletiň alymlary gatnaşyp, dramaturgyň eserleriniň çen bilen üçden biriniň awtordaşlykda ýazylandygyny çak edýärler. Şeýlelikde, alymlar Şekspiriň öz eserleriniň üstünde bir özüniň işländigi baradaky rowaýatyň düzedilendigini tassyklaýarlar. Britaniýada şu ýyl beýik dramaturgyň aradan çykmagynyň 400 ýyllygy bellenip geçilýär.