Mer­ke­zi Lon­don­da ýer­leş­ýän “Ee­Geo” kom­pa­ni­ýa­sy Ýer ýü­zü­niň 3D mo­de­li­ni dö­ret­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Kar­ta elekt­ron oýun­lar­da we “hy­ýa­ly ha­ky­kat” teh­no­lo­gi­ýa­syn­da peý­da­la­ny­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Ýan He­te­ring­ton elekt­ron kar­ta­da Ýer ýü­zü­niň äh­li ýe­ri­niň bol­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Bu kar­ta­nyň hem oýun dün­ýä­si ýa­ly, hem kos­mos­dan al­nan şe­kil ýa­ly, hem-de “Go­og­le” kar­ta­sy ýa­ly geo­met­rik we ge­og­ra­fik kar­ta bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di.
2010-njy ýyl­da dö­re­di­len we 2015-nji ýyl­da il­kin­ji kar­ta­sy­ny ýaý­ra­dan “Ee­Geo” kom­pa­ni­ýa­sy “Cisco”, “Sam­sung” we “V&A Mu­se­um of De­sign” ýa­ly dün­ýä bel­li mil­le­ta­ra müş­de­ri­le­ri üçin kar­ta taý­ýar­la­ýar. Söw­da mak­sat­ly taý­ýar­lan­ma­dyk hem bol­sa, “iOS” we “and­ro­id” ama­ly ul­ga­my bi­len iş­le­ýän en­jam­lar­da iş­le­ýän bu kar­ta hä­zi­re çen­li “App­le iTu­nes app sto­re”-dan we “Go­og­le play sto­re”-dan 4,5 mil­li­on ge­zek gö­çü­ri­lip alyn­dy. “Ee­Geo” üç hep­dä­niň do­wa­myn­da ýüz müň­ler­çe bi­na­lardan, daglar­dan we de­mir ýo­l ugur­la­rdan gör­ke­zi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň 3D kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­dy. He­te­ring­ton we onuň 20 adam­dan yba­rat to­pa­ry bäş ýyl­dan bä­ri şeý­le kar­ta­ny taý­ýar­la­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär.