Sü­rü­ji­siz trak­tor­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak üçin bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ala­da edil­ýän hem bol­sa, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän trak­tor­la­ryň ön­dü­ril­jek­di­gi­ni kö­pi­miz eşi­den däl­di­ris. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, dün­ýä bel­li “John Dee­re” kom­pa­ni­ýa­sy in­di­ki ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da şeý­le trak­to­ryň nus­ga­lyk gör­nü­şi­ni köp­çü­li­ge gör­kez­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­jek oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na ba­gyş­la­nan SI­MA ser­gi­sin­de gör­ke­zil­jek trak­tor ba­ra­da ta­nyş­dy­ryş wi­deo­sy ýaý­ra­dyl­dy. Köp güýç sarp ed­ýän hem bol­sa, trak­tor­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi­niň amat­ly ta­rap­la­ry az däl. Trak­tor­la­ryň di­ňe bel­li ýer­ler­de peý­da­la­nyl­ýan­ly­gy se­bäp­li, ola­ra is­len­dik wagt­da zar­ýad be­rip bol­ýar. Şeý­le hem trak­tor­lar teh­ni­ki gö­zeg­çi­li­gi köp ta­lap et­me­ýär.
“John Dee­re”-iň iş­läp dü­zen SE­SAM at­ly trak­to­ry­nyň äpet ba­ta­re­ýa­sy bar. Kuw­wa­ty 174 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan iki sany elekt­ro­mo­to­ry bar. Onuň zar­ýa­dy 4 sa­ga­da ýet­ýär. Hä­zir­lik­çe ony köp güýç ta­lap ed­ýän zat­lar­da ulan­mak müm­kin däl. Şeý­le trak­tor­la­ryň has kuw­wat­ly­sy­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi üçin en­tek bir­nä­çe ýy­lyň ge­rek­di­gi aý­dyl­ýar.