ABŞ-nyň Men ştatynyň uniwersiteti öz uçurymy, ýazyjy Stiwen Kingiň hormatyna “Stiwen Kingiň döredijiliginiň hünärmeni” wezipesini döretdi. Ýokary okuw mekdebiniň müdiriýetiniň habar bermegine görä, bu maksatnama üçin haýyr-sahawat gaznasy “Garold Alfond” (Harold Alfond Foundation) 1 million dollar möçberinde pul bölüp berdi. Eýýäm, bu wezipe üçin laýyk kandidatura saýlanýar. Bäsleşigiň ýeňijisi “Stiwen Kingiň döredijiliginiň hünärmeni” diýen ada eýe bolup, 2017-nji ýylyň awgustyndan bäş ýylyň dowamynda aşaky synpdaky talyplara sapak berer.
Şu ýyl 69 ýaşy dolan portlendli (Men ştaty) Stiwen King iňlis edebiýaty kafedrasynda okady we 1970-nji ýylda bakalawr derejesini alyp, Men uniwersitetini tamamlady. Dört ýyldan soň, onuň “Kerri” atly ilkinji romany, onuň yzysüre hem uly abraý getiren “Ýalkym”, ondan soň bolsa, Riçard Bahman tahallusy bilen “Gazap”, “Uzak gezelenç”, “Ýol işleri”, “Ýüwürýän adam” ýaly romanlary neşir edildi. Ol 1982-nji ýylda “Atyjy” diýen romanyny – “Garaňky diňler” atly sekiz romanlar toplumynyň birinjisini neşir etdirýär. Tutuşlygyna alanyňda, King 50-den gowrak roman neşir etdirip, olar 350 million töweregi nusga bilen ýaýradylýar. Ol 2003-nji ýylda amerikan edebiýatyna mynasyp goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medaly, 2014-nji ýylda bolsa, sungatda gazanan üstünlikleri üçin Milli medal bilen sylaglandy.
Ol golaýda Men uniwersitetinde “Garaşýan kalp” (Hearts in Suspension) atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Ýygynda onuň “Bäşi biri üçin, biri bäşi üçin” atly täze makalasy hem girizilip, onda onuň talyplyk ýyllary ýatlanylýar.